«Milli medeniýetim köňlümiň täji»

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň N.Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde guramagynda «Milli medeniýetim köňlümiň täji» atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, kökleri gadymyýetlere ýetýän medeni mirasymyzyň baýlyklaryny aýap saklamak babatynda dünýä nusgalyk işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugruň kanunçylyk binýadyny berkitmek maksady bilen döwletimizde birnäçe kanunlaryň kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Uly ähmiýeti bolan bu kanunlar ýurdumyzyň çäginde medeniýetiň döremegi we ösmegi hakynda maglumat çeşmeleriniň aýalyp saklanylmagyny we goralmagyny üpjün edýär, şeýle-de milli taryhy-medeni mirasy ýüze çykarmak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklary düzgünleşdirýär diýip maslahatda çykyş edenler bellediler.

Maslahatyň dowamynda ajaýyp aýdym-sazlara giň orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyzda milli medeniýetimizi has-da belent derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.