Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy, Arkadagly zamanasy ýylynda 17-nji iýunda “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda, serginiň açylan pursatynda «Halkyň Arkadagly zamanasy sungat nazaryýetinde» atly ýurdumyzyň sungaty öwrenijileriniň gatnaşmagynda Garaşsyz we baky Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň dabaralanmagyny suratlandyrýan we şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de gözelligi wasp edýän çeper eserleri sungat nazaryýetinde açyp görkezmek üçin döredijilik bäsleşiginiň jemi dabaraly ýagdaýda jemlendi.
Sungaty öwreniji diýilende, Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň we umumy dünýä sungatynyň taryhyny öwrenmek, adamzat jemgyýetiniň döreden nusgawy binagärlik, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň many-mazmunyna düşünmek, olary seljermek we derňemek hem-de syn bermek boýunça nazary bilimleri özleşdirýänlere aýdylýar. Bu bäsleşige sungaty öwrenijileriň 32-si 147 sany iş bilen gatnaşdy. Olaryň arasynda sungatyň dürli ugurlaryna bagyşlanan monografiýalar, ylmy makalalar, kataloglardyr. Şeýlelikde, bäsleşikde zehinli sungaty öwrenijiler baş baýraga hem-de orunlara mynasyp boldular. Olar:
- Bäsleşikde baş baýraga Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, sungaty öwreniji Döwletmyrat Durdyýew;
- I orna TDÇA-nyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow;
- II orna Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Azat Annaýew; TDÇA-nyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Döwrangeldi Moýtyýew; Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew;
- III orna Baba Guldurdyýew; Guwanç Mämiýew; Bahar Magtymowa dagy mynasyp boldy.
- Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylygyny, asuda asmanymyzy wasp edýän sungat işgärlerimiziň her bir eserleri biz ýaşlara edebi nusgalyk çeşmesi bolup galýar.
Aýgül ŞÖHRADOWA,
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
3-nji ýyl talyby.