Häzirki zaman şertlerinde her bir döwletiň hem-de jemgyýetiň döwrebap ösüşi ilkinji nobatda dünýäniň durnukly ösmegi, ylmyň we tehnologiýanyň gazanýan öňdebaryjy tejribesiniň özleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Munuň özi, ýurduň halkara syýasy giňişliginde özüniň eýeleýän ornuny yzygiderli berkitmegini, dünýä döwletleri we halkara düzümleri bilen deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmagyny şertlendirýär. Çünki, nazary taýdan içerki syýasatyň dowamy bolan döwletiň oýlanşykly daşary syýasy ugry onuň döwrebap ösüşini ileri tutmak bilen birlikde, halkara durmuşynyň gün tertibinde durýan wajyp wezipeleriň ählumumy çemeleşmäniň esasynda amal edilmegine gönükdirilýär.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 11-nji iýunynda Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanandygy, paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň bolsa, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde yglan edilendigi baradaky hoş habar halkymyzyň parahatsöýüjilik we ösüş taglymatynyň nobatdaky ykrarnamasy hem-de kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýän, durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýan başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilýän döwleti hökmünde tanalýar. BMG-niň alty esasy edaralarynyň biri we onuň ähli agza döwletleriniň wekilçilik edýän ýeke täk edarasy bolan Baş Assambleýanyň nobatdaky 77-nji mejlisi şu ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde öz işine başlar. BMG-sy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda dürli ugurlar boýunça jemi 18 sany Kararnamalaryň kabul edilmegi, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji we 77-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna şeýle hem, ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň agzalygyna yzygiderli saýlanmagy, halkara başlangyçlarymyzyň Milletler Bileleşiginiň agza döwletleri tarapyndan biragyzdan goldanylmagy ýaly anyk mysallar bu abraýly gurama bilen Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygyny doly tassyklaýar.
Elbetde, asyrlaryň heňňamlary bilen ölçenilýän wagt bir ýerde durmaýar. Dünýä jemgyýetçiligi özgerýär, her bir döwür özüne mahsus bolan amal edilmegi wajyp döwrebap meseleleri, ileri tutulýan ugurlary öňe çykarýar. Ählumumy gymmatlyklaryň ykrar edilmegini nazarlaýan halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hem häzirki zaman şertlerinde geljegi nazarlaýan durnukly ösüş seljermesiniň esaslandyrylmagyny, ählumumy meseleleriň bilelikde çözülmegini ileri tutýar. Mälim bolşy ýaly, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň iýun aýynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna, Russiýa Federasiýasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna ýörite saparlary amala aşyrmagy ýurdumyzyň daşary syýasy işjeňliginiň täze tapgyryny şöhlelendirýär. Munuň özi, “Dialog - parahatçylygyň kepili” hökmünde hyzmatdaşlygyň döwrebap arhitekturasynyň filosofik esaslaryny ileri tutýan döwletimiziň dostluga, doganlyga, ösüşe hemişe açykdygynyň nobatdaky beýanydyr. Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde baý taryhy, geografik we milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan arap dünýäsi, rus we eýran topraklary ägirt uly adam hem-de serişde kuwwatyna, tebigy baýlyklaryň iri gorlaryna, önümçilik, intellektual, tehnologik mümkinçiliklere eýe bolmak bilen, özara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň amatly giňişligini emele getirýär. Bu döwletleriň her biriniň ummasyz territoriýasy, milli aýratynlygy, taryhy we ykdysady kuwwaty bolup, şol bir wagtda ählisini dostluk, parahatçylyk we durnukly ösüş ýaly belent maksatlar birleşdirýär. Munuň özi, her bir adam üçin jemgyýetiň zerur bolşy ýaly, halkara gatnaşyklarynda hem döwletleriň döwrebap ösmeginiň esasynda deňhukukly hyzmatdaşlygyň berk binýadynyň durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle sazlaşykly ösüşi nazarlaýan ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady-maliýe gatnaşyklary, maýa goýumlary çekmek, senagatlaşmagyň döwrebap nusgasynyň, ylym-bilimiň, IT-tehnologiýalarynyň gazananlarynyň, “akylly şäherler” tejribesiniň özleşdirilmegi ýaly wajyp wezipeler aýratyn orun eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiziň ilkinji nobatda, yslam dünýäsiniň mukaddes topragynda umra hajy parzyny berjaý etmeginiň özboluşly manysy, taryhy ähmiýeti bar. Çünki, pederlermiz Käbä barýan ýoluň her bir ädimini ybadat bilipdirler. Munuň özi ilkinji nobatda, musulman dünýäsiniň iki Mukaddesligine togap eýläp, haj parzynyň amala aşyrylan pursatlarynda agzybir ilimiziň kalbyna kanagat duýgusynyň, röwşen geljegimize bolan uly ynamynyň has hem berkemegi bilen baglanyşyklydyr. Taryhy maglumatlar arap dünýäsiniň ösmegi Gündogaryň beýik alymlary tarapyndan adamzat siwilizasiýasyna uly goşant goşan ylmyň dürli ugurlarynyň kemala gelmegine itergi berendigini tassyklaýar. Hususan-da, orta asyrlarda Bagdat, Damask ýaly şäherler bilen birlikde, Merwde we Könürgençde Ylmy akademiýalaryň döredilmegi gadymy türkmen topragynyň dünýä belli alymlary kemala getirmekde uly goşandynyň bolandygynyň beýanydyr. Häzirki ylmyň we tehnologiýanyň ösen XXI asyrynda bolsa, arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyza dünýäniň oňyn gazananlarynyň netijeli özleşdirilmeginde giň ýol açýar. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň Eýran Yslam Respublikasy we Russiýa Federasiýasy ýaly taryhy, medeni hem-de milli umumylyklary baglanyşdyrýan goňşy döwletler bilen strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasyp.
Türkmen-rus gatnaşyklaryň ygtybarly şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň barha kämilleşýändigi bolsa, şu ýylyň 10-njy iýunynda Hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gol çekilen «Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda» Jarnamasy bilen birlikde, jemi 15 sany resminamalaryň toplumlaýyn häsiýetinde şöhlelenýär. Bu hyzmatdaşlygyň mazmuny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň toplumlaýynlygynda, bilelikdäki özara bähbitli ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagynda jemlenýär. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň iri sebitleri bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk aýratyn bellenilmäge mynasyp. Mälim bolşy ýaly, 12-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň üstünlikli geçirilmegi sebitiň döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň hyzmatdaşlygynyň özboluşlylygyny, ýokary netijelere eýedigini, parlament diplomatiýasynyň ösüşini, hyzmatdaşlygyň işjeň görnüşlerini ýola goýmaga ýurdumyzyň goşandyny hem-de hemişe taýýardygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şeýle gatnaşyklaryň berk taryhy binýada, hoşniýetli goňşuçylyga, baý tejribä we uly mümkinçiliklere esaslanmagy bolsa, onuň geljegi nazarlaýan strategik häsiýetini alamatlandyrýar.
Gadymy we orta asyrlarda türkmenleriň guran döwletlerinde kabul edilen kada-kanunlar halkyň nesilden-nesle geçip gelýän iň kämil däplerini saklap, agzybirlik, parahatçylyk, adalatlylyk, ylalaşyklyk hem-de döwletlilik düşünjelerine esaslanypdyr. Häzirki zaman dünýäsinde bolsa, döwletimiziň gadymdan gelýän parasatly ýol-ýörelgeleri netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň baş şertine öwrülýär, ýurdumyzyň daşary syýasat taglymatynyň esasy özenini düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz ählumumy meýillerden ugur almak bilen, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däbine esaslanýan, umumy gymmatlyklary bolan goňşy döwletler bilen oňyn netijeleriň gazanylmagyna durnukly ösüşiň wajyp şerti hökmünde garaýar. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly şu ýylyň 14-nji iýunynda Arkadagly Serdarymyzyň goňşy Eýran döwletine amala aşyran resmi saparynyň taryhy ähmiýetliliginde öz beýanyny tapýar. Pederlerimiziň goňşuçylyk gatnaşyklarynyň inçe ýollary geçmişde durmuş eleginden geçen “haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa”, “ýer alma goňşy al” ýaly pähimleriniň mazmunynda görmek bolýar. Elbetde, halkara gatnaşyklar nazaryýetine we tejribesine ýüzleneniňde döwletlere geografik ýerleşişi babatynda goňşyňy saýlap almaga mümkinçilik berilmeýär. Emma, goňşy döwletler bilen hoşniýetlilik, özara hormat goýmak tejribesini gazanmak her bir döwletiň göniden-göni özüne bagly bolup durýan ýagdaýdyr. Şunuň bilen baglylykda, 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýulan Eýran bilen döwletimiziň gatnaşyklary hoşniýetli goňşuçylyga daýanýar, geljegi nazarlaýar. Orta Gündogaryň ykdysady taýdan iň kuwwatly döwletleriniň biri bolan Eýran jemi içerki önüm boýunça dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly döwletleri bilen bäs edýär. Ýurduň Pars aýlawyna we Hazar deňzine çykalgasynyň bolmagy bolsa, söwda-ykdysady şol sanda, ulag infrastrukturasynyň toplumlaýyn ösdürilmegine giň ýol açýar. Şunda, ýurdumyzyň ulag babatyndaky halkara başlangyçlary kuwwatly ykdysady merkezleri bolan Hytaý, Hindistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryny öz içine alýan Ýewropa, Orta we Ýakyn Gündogar bilen Merkezi Aziýany hem-de Hazar sebitini birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň emele gelmegine itergi berýän wajyp ähmiýete eýedir.
Umuman, halkara giňişliginde özüniň ornuny barha berkidýän Türkmenistanyň ileri tutýan ählumumy hyzmatdaşlygynyň täze arhitekturasy ilkinji nobatda, halklaryň parahatçylykly we özara ynanyşmak ýagdaýynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge, özara ynanyşmagyň medeniýetini berkitmäge, netijede durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň bu ugrundaky işjeň daşary syýasatynyň oňyn gazananlary bolsa, türkmen diplomatiýasynyň netijeli gadamlary bilen doly tassyk bolýar.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.