Ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmek olaryň zehinini taplaýar, dil babatdaky taýýarlyk ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmäge, bu ugurda öz bilimlerini dowam etdirmäge höwes edýän ýaşlaryň sany barha artýar. Bu ugurda öz bilimlerini çuňlaşdyrmak isleýän ýaşlara käbir ýönekeý tejribeleri gündelik durmuşda endige öwürmek örän peýdalydyr. Meselem, täze dil öwrenmek, dillerini kämilleşdirmek isleýänler üçin iň netijeli usullaryň biri-de, kagyz belgilerinden peýdalanmakdyr. Dörtburç kagyzlaryň bir ýüzüne sözi, beýleki ýüzüne bolsa, onuň terjimesini ýazyp, kagyz belgilerini taýýarlamak netijeli usuldyr. Täze sözler belgiler taýýarlanylýan wagty hem ýatda galyp başlaýar. Täze sözler bilen öňki öwrenilenleri berkitmelidir. Soňabaka bu usul boýunça sözlerden sözlemlere geçmeli, nakyllary, durnukly sözlemleri, aýtgylary, ýaňyltmaçdyr matallary, garaz, zerur hasaplanýan ähli sözlemleri we olaryň terjimelerini ýazyp, şol tertipde öwrenilmegini gazanmaly. Olary geçilýän tema boýunça ugurlara we tapgyrlara bölmelidir.
Dil öwrenmek döredijiligi talap edýär. Özbaşdak söz düzümlerini düzmegi öwrenmegi gazanmaly. Munuň üçin ilkibaşda on at, on işlik we on sypat bilmek ýeterlikdir, diňe şular bilen söz düzümleriniň müňden gowrak utgaşmasyny oýlap tapmak mümkin. Şonuň üçin turuwbaşdan sada düzme ýazmaga çalyşmalydyr. Soňabaka bu ýumşy has çylşyrymlaşdyryp bolar. Tapylan sözleri at, sypat, işlik boýunça toparlara bölmek, olardan mümkin boldugyça, köp söz düzümlerini düzmek, soňra olaryň has köp ulanylýanlaryny saýlamak arkaly sözleýiş dili ösdürmek we tanyş sözleri ýatda berkitmek bolar.
Ýazmak—dil öwrenmegiň esasy basgançagydyr. Meselem, täze dil öwrenmekde iki sahypa şol bir sözi ýazmak usuly örän peýdalydyr. Bu usul, aýratyn-da, öwrenilýän diliň harp ýazgysynyň ene dilindäkiden üýtgeşik elipbiýde bolan ýagdaýynda has-da netijelidir. Şeýle usul mehaniki hakyda derejesinde täsir edip, kagyza ýazylyp öwrenilen sözi aňsatlyk bilen ýatlamaga kömek edýär. Mehaniki hakydanyň üstüne göz hakydasy hem goşulyşýar, şeýlelikde, ýüz gezek ýazylan sözi ýatdan çykarmak çylşyrymly bolýar.
Dil öwrenmegiň ýene bir usuly şol dili diňläp öwrenmekdir. Daşary ýurt dili öwrenilende, şol dilde aýdym ýa-da täzelikleri diňlemek, çeper ýa-da dokumental filmlere tomaşa etmek örän peýdalydyr. Ähli sözlere düşünmek hökman däldir, bu usul diliň basyşyny, akgynlylygyny, äheňini we sözleriň aýdylyş aýratynlyklaryny ýatda saklamaga ýardam edýär. Täze öwrenilen dilde gürläniňde, ýalňyşlaryň boljakdygy düşnüklidir, esasy zat, ýalňyşmakdan gorkmazlykdyr. Ýalňyşy düzedip, täzeden gaýtalamak geljekde şeýle ýalňyşlary goýbermegiň öňüni alýar we ol ýatda gowy galýar.
Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek dürli dillerde halkymyzy, Watanymyzy wasp etmek, milli medeniýetimizi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, edebiýatda, medeniýetde, oba hojalygynda gazanylýan belent sepgitleri dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Ýaş neslimiziň kämil, ylymly-bilimli, daşary ýurt dillerini gowy bilýän, ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyklary ösdürmäge goşant goşmaga ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän tagallalar öz mynasyp miwelerini eçiler.
Maksat GURBANALYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň dekanynyň orunbasary.
“Ahal durmuşy” gazeti,
29.06.2022ý.