RESMI HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň ähli halkyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

(TDH)

***

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

(TDH)