ARKADAGDAN TOÝ PAÝY

30-njy iýunda Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkezinde dynç alýan körpeleri üçin ýatda galyjy günleriň biri boldy. Merkeziň goýny Gahryman Arkadagymyzyň 65 ýaş toýunyň şatlyk-şowhunyna beslendi. Ir säher bilen çagalar hormatly Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli ugradan süýjülik tortuny kesip, gutlaglaryny, joşgunly goşgularyny aýtdylar. Şygyrlarda galkynyşly döwrümiz, bagtyýar çagalyk wasp edildi.Çagalar hormatly Prezidentimize hem özleri hakda edýän aladalary üçin sagbolsunlaryny beýan etdiler. Diýarymyzyň gül-gunçalary Arkadagly Serdarymyza yzygiderli ugradýan süýjülik sowgatlary, şol sanda daşary ýurtlara saparlaryndan, hususan-da, mukaddes Mekge-Medineden ýörite getiren sowgatlary üçin alkyş aýtdylar. Häzirki wagtda tomusky dynç alşyň 22-nji iýunda başlanan ikinji möwsümi dowam edýär. Möwsümde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýänleriň 270-si dynç alýar. Birinji möwsümde bu ýerde olaryň 300-den gowragy dynç alypdy.

  Jemi 620 orunlyk «Altyn damja» çagalar sagaldyş merkeziniň dynç alyş otaglary, sport meýdançasy, suw howzy, medeniýet merkezi, kitaphanasy, naharhanasy we beýleki desgalary körpeleriň hyzmatynda. Merkezde çagalar bilen gyzykly, öwrediji çäreler guralýar. Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan dürli tomaşalary geçirmek meýilleşdirilýär.