Bir ýolagçy ýol bilen barýarka, ýolda sataşan biri ondan:
— Nirä barýarsyň? — diýip soraýar. Onda ýolagçy:
— Men Tur dagyna barjak, asmana garap, Taňra arzymy aýtjak — diýipdir. Onda ýaňky adam:
— Meniň hem bir arzym bar, şony hem ýetirip bersene!
Maňa bir sagymlyk sygyr gerek! — diýýär.
Ýolagçy «bolýar» diýip, öz ýoluna gidiberen. Birnäçe wagtdan soň ol gaýdyp gelýärkä, ýaňky adama:
— Taňrym dilegiňi kabul etdi, saňa bir sygyr, goňşyňa-da iki sygyr berdi — diýipdir.
Ýaňky sygyr dilän adam:
— Şeýle bolsa, bar yzyňa gaýt-da, aýt, näme üçin goňşyma iki, maňa-da bir sygyr?! — diýipdir.
Şondan soň «Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de, miwe bermez, berse-de, süýji bolmaz» diýen aýtgy döräpdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»
atly kitabyndan taýýarlan, Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.