MILLI TERBIÝE — ASYLLY ÝÖRELGE

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir.

Hawa, halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň milli aýratynlyklary bar. Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: «Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni» diýýär. Perzendiň sagadatlylygy maşgala ojagyndan başlanýar. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzihalal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasanam ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hemem kemala gelýän maşgaladan gözbaş alýar. Şunda ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar.

Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Edep-terbiýe adamkärçiligiň gözbaşy hasaplanýar.

Çaga ýaşlykdan näme terbiýe berilse, ulalandan soňra hem şol alan terbiýesine görä hereket edýär. Ene süýdi ýaly halal, päk terbiýe alan nesiller röwşen geljegimiziň şuglasydyr.

Çagalara zerur bolan zähmet endiklerini ýaşlykdan başlap ýola goýmaly
hem-de yzygiderli kämilleşdirmeli. Türkmen maşgalasynda dünýä inip kemala gelýän çaga maşgalada berilýän edep-terbiýä düşünýär. Maşgalada berilýän terbiýäniň many-mazmuny giň hem köp taraplaýyndyr.

Perzendini akylly-başly, edep-tebiýeli edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň baş maksadydyr. Oňa özüňi alyp barmagyň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaga adamlaryň özlerini alyp barşyny synlaýar. Olara meňzemäge çalyşýar. Maşgalada amala aşyrylýan ahlak terbiýesiniň öz içine alýan meseleleri köp taraplydyr. Çagany watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, edepli, düzgün-nyzamly, dogruçyl, ak ýürekli edip ýetişdirmek maşgaladan başlanýar.

Türkmen maşgalasyna agzybirlik, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Halkymyzyň ahlak babatda durmuşymyza giňden ornan ýazylmadyk kada-kanunlary bar. Şolaryň biri hem çaga terbiýesi bilen baglydyr.

Halkymyzyň asylly däbi bar. Olar: maşgalada ata-enä hormat goýmak, her başlan işiňi olaryň maslahaty we ýol görkezmesi esasynda alyp gitmek. Bu bolsa şol işiň şowly bolmagyna getirýär. Haýsy işiň başyna bar, islendik käri saýla, tapawudy ýok, maslahatly işleriň netijesi elmydama her kim üçin peýdaly we üstünlikli bolýar. Çagalygyndan bu häsiýetleri özünde jemlän ynsan tutanýerli, maksada okgunly we adamkärçilik tarapyndan belent häsiýetli bolýar.

Biz muňa Arkadagly Serdarymyzyň atasy Mälikguly aganyň ömür ýolunyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ol — şol wagt urşuň yzynda galan 11 ýaşlyja çagajyk. Emma ol ýaşynyň kiçiligine seretmezden, uly adamlar ýaly, kähalat uly adamlardan hem çydamly, başarnykly, ugurtapyjy hereketleri amala aşyrýar. Sebäbi ol Watan goragyna meýletinlik bilen giden Berdimuhamet Annaýewiň kämil terbiýesini alypdyr.

Durmuşda ejesinden mähir, atasyndan dogum alan her bir türkmen ony öz dowamatyna geçiripdir.

Umuman, durmuş tejribesiniň aýratynlyklaryny içgin yzarlap, halkymyzyň öz yzlarynyň mynasyp dowam etdirilmegine berýän ähmiýetiniň örän çuňňur
many-mazmuna eýedigine aýdyň göz ýetirýäris.

Döwrüň ösen derejesi biziň her birimizden ähli tarapdan kämilleşmegi talap edýär. Halkymyzyň göwher hazynasy bolan pähim-parasaty, ruhubelentligi, sabyrlylygy, belent ahlak häsiýetleri, kanagatlylygy kalplara nur çaýýar.
Ata-babalarymyz: «Pespäl boluň, mylaýymlaşarsyňyz, sahy boluň, alkyş-abraý alarsyňyz, işe yhlasly ýapyşyň, rysgala ýetersiňiz» diýipdir. Milli gymmatlyklarymyzy, döwletlilik ýol-ýörelgelerimizi dabaralandyrýan, olary ýaş nesillere ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredýän, ýaşlara nusgalyk görelde bolýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY