TÜRKMENISTAN — WÝETNAM: hyzmatdaşlygyň täze sahypalary

Ýakyn-u-alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň strategik hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açan ýurtlarynyň biri-de Wýetnam Sosialistik Respublikasydyr. Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 29-njy iýulynda ýola goýuldy. Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän Wýetnam Sosialistik Respublikasy dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginde ösýän ýurtlarynyň hataryna girýär. 331,2 müň inedördül kilometr meýdany eýeleýän ýurtda 99,5 milliona golaý ilat ýaşaýar. Wýetnamyň çäginde fosfatlaryň, kömrüň, margenesiň, boksitleriň, hromitleriň baý gorlary bar. Deňiz kenarlarynda nebit we gaz çykarylýar. Şeýle hem ýurtda tokaýçylyk we gidroenergetika pudaklary ösendir. Ýöne ýurduň ykdysadyýetiniň esasy bölegi senagatyň paýyna düşýär. Elektron enjamlaryň we hojalyk tehnikalarynyň önümçiligi, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, tikinçilik, gämi gurluşygy we beýlekiler senagatyň öňdebaryjy ugurlarydyr. Şu ýylyň 4-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy. Şonda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça degişli ýolbaşçylar bilen türkmen gurluşykçylaryny hünär taýdan kämilleşdirmek, olaryň ösen döwletlerden bolan hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaklaryny guramagyň  maksadalaýykdygyny aýtdy. Täze döredilen komitet tarapyndan bu ugra degişli hünärmenlerden, gurluşykçylardan ybarat topary döredip, Wýetnama iş saparyna ugratmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Maslahatda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar üçin mermer daşlaryny ykdysady taý-dan amatly ýagdaýda getirmek maksady bilen, dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür düzümleri, şol sanda Wýetnamyň önümçilik düzümleri bilen mermer daşyny almak we hünärmenleri okatmak boýunça degişli gepleşikleriň geçirilendigi-de habar berlipdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şähergurluşyk ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň aýry-aýry ugurlaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 27-nji iýuny 1-nji iýuly aralygynda Hanoý şäherinde iş saparynda boldy. Iş saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary dostlukly ýurduň mermer öndürýän kärhanalaryna baryp, tebigy mermeriň alnyşy, onuň gaýtadan işlenilişi we emeli mermeriň ýasalyşy bilen giňiş-leýin tanyşdylar. 29-njy iýunda Türkmen-wýetnam işewürlik forumy geçirildi. Forumyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň sergisi guralyp, milli tagamlarymyz we türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri görkezildi. Daşary ýurt wekilleri tarapyndan türkmen sergisine ýokary baha berildi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenilip geçildi. Şeýle hem saparyň dowamynda dostlukly ýurduň ylym-bilim ulgamyna degişli düzümleriniň, kanun çykaryjy edarasynyň, ýaş-lar birleşiginiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly başlangyçlary esasynda dostlukly ýurda guralan iş saparyna gatnaşyp, dünýä tejribesini öwrenmek türkmen ýaşlary üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikdir. Türkmenistan bilen Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň arasynda hyzmatdaş-lygyň mundan beýläk-de ösdü-rilmegi ýurtlarymyz üçin täze, giň gerimli mümkinçiliklere ýol açar. Munuň özi halklarymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurtlarymyzyň okgunly ösüşiniň täze sepgitlerine itergi berer. Biz — ýaşlara öwrenmäge, döretmäge, daşary ýurtlarda bolup, iş tejribelerimizi artdyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Begenç HALNEPESOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlarguramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY