“Watan – Serhetden başlanýar”

Etrek etrap Geňeşi we Etrek häkimligi bilen bilelikde, Etrek etrabynyň 2118 harby bölüminiň mejlisler zalynda, Etrek etrabynyň edara-kärhanalarynda zähmet ýaşlaryň we il sylagly ýaşulylaryň we ak saçly eneleriň arasynda, “Watan – Serhetden başlanýar” ady bilen, wagyz-nesihat duşuşyk çäresi geçirildi.

         Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli parasatly ýolbaşçylygy, taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bedenli, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli bolmaklary ugrunda döredilýän müňkinçilikler barada gürrüň etdiler. Şeýle hem ynsan saglygyna we ýaşaýyş-durmuşyna ýaramaz täsirlerini ýetirýän neşekeşligi, arakhorlugy düýp-teýkary bilen ýok etmekde alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmalydygyny nygtadylar.

Ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde alnyp barylýan işlerden çetde durmajakdyklaryny nygtap, beýik işlere badalga berýän mähriban Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

 

Rahmanberdi Abdylweliýew,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

16 Iýun 2025 | 108 okalan

ÝAŞLARYŇ ÝÜREGI JOŞANDA

16 Iýun 2025 | 100 okalan

MAKSATLAR – MYRADYNA ÝETENDE

16 Iýun 2025 | 51 okalan

SOWALY KÄN – SYRLY DÜNÝÄ