Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli syýasaty: ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Onda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda badala alan täze taryhy zamanymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyndan gelip gowuşan hoş habaryň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň nobatdaky uly ýeňşi bolup durýandygyny nygtap, bu wakanyň döwlet Baştutanymyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik we netijeli häsiýetde alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydygy uly buýsanç bilen bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjülikli umumadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrýan, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, beýik tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.