Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň çägindäki Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň gurmak döretmek ýoly – agzybir halkymyzyň bagtyýar geljeginiň aýdyň kepilidir» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Onda çykyş edenler tebigy baýlyklaryň ummasyz köp gorlaryny özünde jemleýän Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak bu täze köpri ata Watanymyzda ulag-logistika ulgamyny dünýä derejesine çykarar hem-de özboluşly binagärlik gurluşygyna eýe bolar.
Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini, halklaryň özara dost-doganlyk hyzmatdaşlyklaryny, ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýene bir mertebe ýokary göterer we tutuş dünýäde ulag-üstaşyr mümkinçilikleri ykrar edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, şonuň ýaly-da, kenarýaka şäherine gelip gidýän köpsanly awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň bökdençsiz ýola goýulmagynda hem aýratyn uly ähmiýete eýe bolar hemem raýatlarymyzyň ýüzlerçesini iş bilen üpjün eder diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän iki gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň hem-de onuň 2 müň metre ýetýän eltiji ýollarynyň taslamasy sebitiň üstaşyr artykmaçlyklarynyň üstüni ýetirjek geçelgedir.
Bu taslamanyň amala aşmagy netijesinde Gazagystanyň üsti bilen Ýewropa, Arap ýarym adalaryna, Pars aýlagyna uzaýan hem-de Aziýa we Ýewropany baglanyşdyrýan ulag geçelgeleriniň geriminiň has-da giňejekdigi şübhesizdir.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ata-babalarymyzdan miras galan ýol çekmek, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgelere mynasyp dowamat berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli amala aşyrýan beýik işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.