MAŞGALA TERBIÝESI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bagtyýarlyk döwrüniň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar.

Halkymyzyň müňýyllyklardan gelýän milli we medeni mirasyna goýýan hormaty, söýgüsi bimöçberdir. Köki taryhyň çuňluklaryna ornan milli ýörelgelerimiziň iň naýbaşylarynyň biri hem ata-enä goýulýan hormatdyr. Bu mesele babatda pederine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz biziň her birimiz üçin aýdyň görelde mekdebidir.

Ata-babalarymyzdan gelýän edim-gylymlarymyza hormat goýmakda Alym Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynyň, «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaplarynyň hem uly ähmiýeti bardyr.

Halkymyzda ata-enäni sylamak, hormatlamak ynsan tebigatyna mahsus borç hasaplanýar. Döwletmämmet Azady özüniň «Wagzy-Azat» eserinde bu barada giňişleýin belleýär. Eserde akyldar perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlaryndan 40 sanysyny on-ondan dört sany uly toparda jemläp, olaryň her haýsysyna aýratynlykda at beripdir. Olar: ten bilen berjaý etmeli borçlar; dil bilen berjaý etmeli borçlar; köňül bilen berjaý etmeli borçlar; mal bilen berjaý etmeli borçlardyr.

Perzendiň ata-enäniň öňünde ten bilen we dil bilen berjaý etmegine degişli sanalyp geçilen borçlar aýratyn bellärliklidir. «Tyg ýarasy biter-ýiter, söz ýarasy bitmez-ýitmez», «Ýagşy söz ýylany hininden çykar» diýen nakyllara laýyklykda ýerini bilip sözlemeseň, adamy ynjydýar, ýüregine ýara salýar. Şonuň üçin ata-babalarymyz ata-ene bilen sözleşilende, olar bilen gatnaşyk edilende berjaý edilmeli edep kadalary boýunça ogul-gyzyň öňünde kesgitli borçlary öňe sürüpdirler.

Milli däp-dessurlarymyzyň köki kanunçylygymyza ornaşypdyr. Perzentleriň öz ata-eneleri barada alada etmekleri döwletimiziň kanuny tarapyndan hem berkidilýär. «Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyrlar» diýlip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilýär.

Halkymyzyň ata-enä hormat goýmak ýörelgeleriniň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek ýörelgeleriniň gözbaşynda duran hem-de bu babatda nesillere şahsy görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Meňzeş habarlar