Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda milli döwletlilik, halk häkimiýetini berkarar etmek baradaky gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerden, halkymyzyň baý durmuş tejribesinden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we berkitmek ugrunda kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi, döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işlemegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmek arkaly ösüşlerimiziň has-da rowaçlanmagyna, ýurdumyzyň kuwwatlanmagyna alyp barýar. Döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, ata Watanymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen täze sepgitlere çykmagyny üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli çäreler yzygiderli alnyp barylýar.
Şol sanda ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň mazmunyny hem-de ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek elbetde adalat edaralarynyň işgärleriniň esasy wezipesi bolup durýar. Şeýle-de ygtyýarlyklarynyň çäginde adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýärler. Munuň özi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, Watanymyzyň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýelemeginde örän ähmiýetlidir. Ata Watanymyzda milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň bähbidinden ugur alýar. Olaryň azatlyklarynyň we hukuklarynyň goraglylygyny ygtybarly üpjün edýär. Bu babatda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda “Ilatyň durmuş we zähmet taýdan üpjünçiligi, adam maýasyny ösdürmek” atly 22-nji bölüminde geljek otuz ýylyň dowamynda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler kesgitlenýär. Mundan başga-da Türkmenistany ösdürmegiň esasy ugurlarynyň 2022-2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda “Zähmet, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş hyzmatlary, durmuş üpjünçiligi çygrynda kanunçylygy kämilleşdirmek, zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik, durmuş taýdan goraglylyk” meseleleriniň goýulmagy döwletimizde adam hakyndaky aladanyň ýokary derejededigini ýene bir gezek subut edýär.
Dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde berkarar döwletimiziň halkara tejribä daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär. Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge hem aýratyn üns berilýär. Ýeri gelende aýtsak, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üç taraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwletimizde durmuş-zähmet we olar bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça üç taraplaýyn topary döretmekde hem-de onuň işiniň hukuk esasyny kesgitlemekde wajyp orna eýedir. Kanun özüniň esasy hukuk binýadyny Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynyň düzgünlerinden gözbaş almak bilen bir hatarda, onuň degişli düzgünlerini takyklaýar. Şol sanda Türkmenistanyň Zähmet kodeksindäki durmuş hyzmatdaşlygy barada düzgünleri has-da kämilleşdirýär. Şoňa görä-de, Kanunda toparyň esasy maksatlary we wezipeleri kesgitlenilýär. Şeýle-de aýratyn bellemeli zatlaryň biri daşary ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda hem ady görkezilen Kanunymyzyň ähmiýeti örän uludyr.
Elbetde, Esasy Kanunymyz täze sepgitlere tarap ýokary depginler bilen öňe barýan hemişelik Bitarap döwletimizde bolup geçýän, halkymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin kanunçylyk binýady bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň döwrebap Konstitusiýasy yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamymyzyň berk binýady bolmak bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlap gelen we biziň günlerimizde hasyl bolan ajap eýýamyň – adalatyň berkarar bolmagynyň hem-de milli demokratiýamyzyň dünýä ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär.
Abdylla TAÝMAZOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen
bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň
Magtymguly etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.