Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesiller barada edilýän alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Eziz diýarymyzyň dürli künjeklerinde ähli mümkinçilikleri, amatly şertleri bolup, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar we enjamlar bilen üpjün edilip gurlan we gurulýan döwrebap bilim ojaklary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirýärsiň.
Ýakynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň merkezinde körpe nesiller üçin niýetlenip gurlan “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy etrabyň ýaş nesilleri üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy. Hakyky toý meýdançasy görnüşinde bezelen bu merkeziň açylyş dabarasyna röwşen geljegimiz bolan körpe nesilleriň köp sanlysy bilen bilelikde il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, hormatly myhmanlar gatnaşdylar.
“Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkezi şol günden etrabyň bagtyýar körpe nesilleri üçin öz gapysyny giňden açdy.
Bu ýerde bagtyýar çagalaryň dynç almagy, wagtlaryny şatlykly geçirmekleri, dürli oýunlary oýnamaklary üçin ähli şertler döredilendir.
Esenguly etrap häkimliginiň buýurmasy esasynda Durmuş maksatly desgalar müdirligi tarapyndan gurlan bu merkez baradaky aşakdaky maglumatlar hem munuň şeýledigine doly şaýatlyk edýär.
- döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkezi 1,5 gektar meýdany tutýar:
- bu merkeziň çäginde edara jaýy, oturdylan oýun meýdançalarynyň dolandyryş binasy, çagalar üçin niýetlenen ýeňil garbanyşhana, bu ýere gelýänler üçin petek satylýan nokat, körpejeler üçin dürli oýnawaçlar satylýan dükan ýerleşýär.
Şeýle hem merkezde körpe nesiller üçin aşakdaky oýun enjamlary oturdylyp, olar çagalaryň hyzmatyna berildi.
- tipýan drakon, - çagalar üçin karusel, - aýlanyp uçýan oturgyçlar, - kofe çaşka, - çagalar ser salyş çarhy, - gezelenç edilýän otly, - urdurylýan maşyn, - dürli oýun awtomatlary.
“Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar medeni dynç alyş merkeziniň şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen açylyş dabarasynda çykyş edenler. Halkyň “Arkadagly zamanasy” ýylynda eziz watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler, halk bähbidine gönükdirilen başlangyçlar dogrusynda buýsançly sözlere uly orun berdiler, şeýle hem bagtyýar çagalygyň, arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrülen eziz Türkmenistan döwletimizde çaga gülküleriniň hemişe ýaňlanyp durmagyny arzuw etdiler.
Etrap merkezindäki çagalar sungat mekdebiniň “Hazar nagmalary” döredijilik toparynyň körpeleriniň bu ýerde ýerine ýetiren köp öwüşginli tanslary, küştdepdileri şeýle-de körpe dutarçylar toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlap, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bolan söýgüleriniň hakyky beýany bolup, belende ýaňlandy.
Tagandurdy Tagandurdyýew
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.