Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty täze sepgitlere ýetdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, halkara gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýän häzirki döwrümizde dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda we oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň amala aşyrylmagynda hem ýaşlara uly ynam bildirilýär.
Şunda ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti durmuş taýdan kemala getirmek, ýaş raýatlary watansöýüjilik, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ýaş raýatlaryň syýasy aň-düşünjesini ösdürmek maksady bilen maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Hut şu nukdaýnazardan Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy netijesinde Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaşlar meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, olaryň gününi halkara derejesinde yglan etmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyna bolan höwesini we özara tejribe alyşmak mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen bilelikde kabul edilen taslamalaryň çäklerinde ýaşlaryň gatnaşmagynda birnäçe forumlar, festiwallar, okuw maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky duşuşyklara yzygiderli gatnaşylýar.
Bilşimiz ýaly, Halkara ýaşlar güni her ýyl 12-nji awgustda bellenilýär. Bu baýramçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan
1999-njy ýylyň 8-12-nji awgustynda Lissabonda (Portugaliýa) geçirilen dünýä döwletleriniň ýaşlar boýunça ministrleriniň Bütindünýä maslahatynyň teklibi bilen döredildi. Halkara ýaşlar güni ýaşlara parahatçylygy ösdürmekde we üpjün etmekde olaryň tutýan ornuny we olaryň öňünde durýan gündelik meseleleri ýeňip geçmegi ýatlatmakdan ybaratdyr. Dünýäniň birnäçe ýurdunda öz milli ýaşlar günleri bar.
Bu ýyl üçin esasy tema «Iýmit ulgamlaryny özgertmek: Adam we planetar saglygy üçin ýaşlaryň innowasiýasy» diýlip atlandyryldy. Halkara ýaşlar güni, şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Azyk ulgamlary sammitiniň öňüsyrasynda ýaşlara pikir alyşmak üçin platforma hödürlemegi maksat edinýär. Şu ýyl Halkara ýaşlar gününiň hormatyna resmi çäreler sanly ulgamlary peýdalanmak bilen uzak aralykdan geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Umuman, bu çäreler ýaşlaryň halkara giňişliginde tutýan ornuny has-da berkider şeýle-de ýaşlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny jebisleşdirer.
Goý, türkmen ýaşlaryna halkara hyzmatdaşlygynda giň ýol açýan bu babatda ýaşlara nusgalyk görelde Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il ýurt ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç alsyn!
Altyn BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň
baş hünärmeni.