Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda «Pederleriň mukaddes ýoly nesilleriň aýdyň ýörelgesidir» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik we bilim işgärleri, harby talyplar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler tutuş halkymyz, aýratyn-da ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrülen Watanyna ömür örküni baglan, gaýratlylygyň belent nusgasyny, häzirki we geljekki nesillere ebedi miras goýan beýik ynsan, Mälikguly Berdimuhamedow bu günki gün hormat bilen sarpalanýar. Mälikguly aga öz nusgalyk ömrüni ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, sowatly bolup ýetişmegine, mähriban Watanymyzyň asudalygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna bagyşlady.
Adamyň başyna düşýän kynçylyklar onda ruhubelentligi, beýik maksatlara ýetmäge bolan yhlasy pugtalandyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň mähriban atasynyň durmuşyň agyr ýyllarynda başyndan geçiren wakalary onda beýik hyzmatlary bitirmäge bolan höwesi, yhlasy, iň esasy bolsa gahrymançylygy döredýär. Çagalygyny urşa ogurladyp, tiz ýigit çykan Mälikguly aga Watanyna we halkyna bolan kämil söýgüsi, gündelik işi, ruhubelentligi bilen kynçylyklara döz gelipdir. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň atasy türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna aýratyn gadyr goýupdyr. Şeýlelikde, şol gazaply kyrkynjy ýyllarda edermenligiň, kämil ynsanyň özboluşly mekdebine öwrülipdir.
Her döwrüň öz beýik şahsyýetleri bolýar. Mälikguly aganyň ykbalyna dürli döwürlerde, hatda juda çylşyrymly döwürlerde ýaşamak paýy düşüpdir. Ol döwürleriň içinden mert, gaýratly, watansöýüji ynsan hökmünde geçip gelipdir. Zähmetini, bilim-tejribesini, zehinini hem başarnygyny il-ýurduna bagyş edipdir. Watany söýmek, il-halka hyzmat etmek üçin aýry bir pursadyň ýokdugyny, adamyň ýaşaýan her dem pursadynyň ile-ýurda söýgi bilen, ile-ýurda hyzmat bilen doly bolmalydygyny durmuş ýolunda subut edipdir. Şeýdip ol ynsanlyk mertebesini saklamagyň göreldesini görkezipdir, ýörelgesini goýupdyr.
Mälikguly aganyň durmuş ýoluny bu gün nesiller dowamly öwrenýärler. Bu ýol ynsansöýüjiligiň, watansöýüjiligiň, göwnaçyklygyň, ruhubelentligiň, mähribanlygyň, wepadarlygyň ýoludyr. Peder ýoly mukaddes ýoldur diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Milli Liderimiz peder ýoluny öz parasadyna ýugrup, ösdürip, döwlet syýasatynyň süňňüne siňdirip geldi. Ol ýol Watany söýmegiň, goramagyň, beýgeltmegiň ýoludyr. Öz halkyň rahatlygy, eşreti, bagty üçin, adamzadyň abadan durmuşy üçin iň gowy işleri bitirmegiň ýoludyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary hem şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gün Arkadagly Serdarymyz: «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýmek bilen, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär.
Gahryman Arkadagymyz maşgala terbiýesinde, halkyň abadan durmuşyny, mukaddes däplerini gorap saklamakda maşgala mukaddeslikleriniň belli bahasynyň ýokdugyny öz eserlerinde her taraplaýyn, örän düýpli düşündirýär. Peder ýoluny parasatlylyk bilen dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň hem şeýle nurana sözi bar: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!». Bu söz ata-ene, maşgala mukaddesligini berk saklamak bilen bütin halkyňy, onuň şöhratly taryhyny, ýol-ýörelgesini baýdak edinmek baradaky parasatdyr. Milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň, duýgy-düşünjesiniň, ynanjynyň üznüksizligi, bölünmezligi baradaky parasatdyr.
Umuman, durmuş tejribesiniň aýratynlyklaryny içgin yzarlap, halkymyzyň öz yzlarynyň mynasyp dowam etdirilmegine berýän ähmiýetiniň örän çuňňur many-mazmuna eýedigine aýdyň göz ýetirýäris.
Bu babatda hormatly Prezidentimiziň öz ömür menzilleri hem, maşgala dessury hem biziň üçin özboluşly mekdepdir. Onda-da Nusgalyk mekdepligi aýratyn nygtalyp geçildi.
Maslahatyň ahyrynda Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedow hakyndaky ýatlamalar biziň kalbymyzda ebedilik saklanar. Goý, bu ajaýyp ynsanyň, watançy gerçegiň görkezen beýik göreldesi nesillerden-nesillere geçip, baky ebedilik ýaşamagy hem-de peder pendine ygrarly, Watanyň beýik oglunyň mynasyp dowamy Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, röwşen ömriniň uzak, mertebeli başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.