Medine AMANOWA,
Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň okuwçysy, agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň altyn medalynyň eýesi:
— Men Özbegistanda ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ýetginjek gyzlaryň arasynda 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, Özbegistandan, Gazagystandan, Hindistandan, Koreýa Respublikasyndan, Taýlanddan, Bahreýn Patyşalygyndan ýaryşa gatnaşan bäsdeşlerimi ýeňmegi başardym. Çünki ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň astynda çykyş etmek maňa bildirilen ynamyň synmaz nyşany bolup, ruhy güýç, ýeňşe itergi berdi. Şeýlelikde, üç altyn medala, 64 kilogram agram derejesinde ýaş gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda iki bürünç medala mynasyp boldum. Nesip bolsa, ýeneki ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, Arkadagly Serdarymyzyň biz — ýaşlara bildirýän ynamyna jogap edip, türkmen sportuny täze-täze belentliklere çykararys.
Saparly MUHYÝEW,
Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň okuwçysy, agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň altyn medalynyň eýesi:
— Ýeňiji hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýörite sylaglara mynasyp bolmagym ýatdan çykmajak pursat boldy. Ýatdan çykmajak pursatlar bolsa seni indiki şowly ädimlere ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, bu gezekki Aziýa çempionaty meniň üçin özboluşly mekdep boldy diýsem ýalňyşmaryn. Sebäbi çempionatda ýetginjek oglanlaryň arasynda 89 kilogram agram derejesinde çykyş etmek bilen, jemi üç altyn medaly gazanmagy başardym. Munuň özi, elbetde, irginsiz türgenleşikleriň, özüňi ruhy taýdan ýeňşe taýýarlamagyň, tälimçileriň yhlasdyr ynamy netijesinde gazanylan üstünlikdir. Pursatdan peýdalanyp, bize ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuwlaýarys.