Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty hem-de Bilim ministrlikleriniň bilelikde gurnamaklarynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleriň gazanan üstünliklerine buýsanç hökmünde «Arkadagly Serdarly ýaşlaryň täze sport üstünlikleri bilen Watanymyzyň şan-şöhraty arşa galýar» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Oňa Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän işjeň agzalary, döredijilik we bilim işgärleri, mekdep okuwçylar we ýaş türgenler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler häzirki täze taryhy döwürde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan işjeň dowam etdirilýär. Bu bolsa köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ýörelgeler döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.
Hut şu nukdaýnazardan Hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatdaky şahsy göreldesinden ruhlanan türgenler halkara derejede ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga, türkmeniň ýaşyl tuguny
belende galdyrmaga çalyşýarlar diýip uly buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň, dünýäniň sport hereketine üstünlikli goşulyşýan Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da beýgeldýän beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.