TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL BOÝUNÇA ZENANLAR ÝYGYNDYSY AZIÝANYŇ KUBOGY-2026 SAÝLAMA ÝARYŞYNA BAŞLAÝAR

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy ýekşenbe güni Aziýanyň kubogy-2026 saýlama ýaryşyna başlaýar. Ýygyndymyz C toparçada Mýanmanyň, Bahreýniň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen bäsleşip, indiki tapgyra çykmak üçin birinji ýer ugrunda göreşer.

Türkmen toparynyň gatnaşmagyndaky toparçalaýyn tapgyryň ähli oýunlary 29-njy iýundan 5-nji iýula çenli Ýangon şäherinde (Mýanmada) «Thuwunna Stadium» stadionynda geçiriler. Ýaryş merkezleşdirilen görnüşde geçirilýär.

Ýaryşyň başlamazyndan öň baş tälimçi Boris Borowikiň we onuň kömekçileri Begenç Garaýewyň, Ýewgeniýa Spirinanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysy Aşgabatda taýýarlyk ýygnanşygyny geçirdi. Saýlama ýaryşa ýygyndynyň düzümine 22 futbolçy goşuldy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýunlary aşakdaky tertipde geçiriler (aşgabat wagty bilen):

29-njy iýun, 17:30 – Mýanma – Türkmenistan

2-nji iýul, 20:30 – Türkmenistan – Bahreýn

5-nji iýul, 20:30 – Bangladeş – Türkmenistan

Türkmenistanyň ýygyndysynyň saýlama oýunlaryna şu sanawdaky futbolçylar goşuldy:

  • Derwezeçiler: Aýşa Amanberdiýewa («Dudulu», Türkiýe), Amaliýa Karapetýan («Ahal»), Elnura Maksýutowa («Lebap»);
  • Meýdançada oýnajak oýunçylar: Leýli Atajanowa, Mariýa Çaryýewa, Gülzada Hangulyýewa, Angelina Zemskowa (hemmesi «Altyn Täç»). Jeren Mämmedowa, Malika Mämmedowa, Aýlar Berdiýewa, Perwana Gurbanowa, Jemile Babaýewa, Ejegül Durdyýewa (hemmesi «Ahal»). Aişa Allaýewa, Laçyn Alymjanowa (ikisi hem «Lebap»). Merjen Bagşyýewa, Leýli Batyrowa, Şasenem Taganowa, Halida Eşnyýazowa (hemmesi «Margiýana»). Şaperi Şadurdyýewa («Balkan»). Läle Haýypowa («Istanbul Bilgi», Türkiýe) we Maýýa Musaskaýa («Žalgiris», Litwa).

turkmenportal