TÜRKMENISTANYŇ PARA PAUERLIFTING BOÝUNÇA MILLI ÝYGYNDYSY PEKINDE GEÇEN DÜNÝÄ KUBOGYNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ ETDI

Türkmen türgenleri 22-25-nji iýun aralygynda Hytaýyň Pekin şäherinde geçen para pauerlifting boýunça Dünýä kubogynyň tapgyrynda üstünlikli çykyş etdiler.

Ýaryşyň netijeleri boýunça ýokary taýýarlyk derejesini, ýeňişe ymtylyşy we sport ussatlygyny görkezip, Türkmenistanyň milli ýygyndysy alty kümüş we bir bürünç medal gazandy.

Türkmenistanyň Milli paralimpiýa komitetiniň hemaýat etmeginde çykyş eden milli ýygyndymyzyň düzümine şu türgenler girdi:

Sergeý Meladze

Maýagözel Ekeýewa

Mekan Agalykow

Işkuwwat Çaryýew

Baýramgeldi Saparow

Muhammet Hojaýew

Milli ýygyndynyň baş tälimçisi - Tahyr Şorohanow.

Para pauerlifting boýunça Dünýä kubogy 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek Paralimpiýa oýunlary (LA2028) üçin hökmany saýlama ýaryşydyr. Şu nukdaýnazardan türkmen milli ýygyndysynyň gazanan üstünlikleri Los-Anželesdäki Paralimpiýa oýunlaryna saýlanmak ýolunda möhüm ädim bolup durýar.

turkmenportal