Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Hojamuhammet Toýçyýew Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda bir kümüş, iki bürünç medala mynasyp boldy. Ol agyr atletika boýunça 109 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş edip, itekläp götermekde 184 kilogramy galdyryp kümüş medala, silterläp götermekde 225 kilogramy galdyryp bürünç medala, şeýle-de iki görnüşiň jemi boýunça 409 kilogram bilen uly bürünç medala eýe çykdy. Toýçyýewiň çykyş eden agram derejesinde özbegistanly Akbar Juraýew itekläp götermekde 200 kilogram, silterläp götermekde 246 kilogram, umumylykda 446 kilogram netije bilen üç altyn medaly hem eýelemegi başardy. Itekläp götermekde 181 kilogramlyk, silterläp götermekde 230 kilogramlyk daşy galdyran, iki görnüşiň jemi boýunça 411 kilogram netije görkezen eýranly Alireza Ýusufi uly kümüş medala mynasyp boldy.
Sport
V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Toýçyýew bir kümüş, iki bürünç medal gazandy
16 Awgust 2022
7445

Meňzeş habarlar
27 Iýun 2025
| 250 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMENISTANYŇ PARA PAUERLIFTING BOÝUNÇA MILLI...
20 Iýun 2025
| 43 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
AŞGABATDA GEÇEN HALKARA KÜŞT ÝARYŞYNYŇ UMUMY MEDAL...
19 Iýun 2025
| 45 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>