ARKADAGLY DIÝARYMDA ÝAŞLAR BAGTYÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde,  türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.

Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şowhun bilen bellenilip geçilip, täze bilim ýylyna badalga berilýär. 1-nji sentýabr mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin täze okuw ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýan ajaýyp baýramçylykdyr. Ýurdumyzda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde diňe bir bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bilen çäklenilmän, ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösmekleri üçin geçirilýän çäreleriň hem gerimi giňeýär.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplara şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleri zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk, heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk, dizaýn we grafika ugurlary boýunça bilim berilýär. Bu sungat ojagymyzda ýaş suratkeş talyplara bilim berýän mugallymlar yhlas bilen zähmet çekip, talyplaryň geljekde öz hünäriniň hakyky eýeleri bolmagy üçin aladalar edýärler.

2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dabaraly nyzamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gyzgyn gutladylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de çeperçilik akademiýasynyň talyplary öz ýürek seslenmelerini goşgy setirleriň we joşgunly aýdymlaryň üsti bilen beýan edip,  nobatdaky açylyş dabarasyna öz mynasyp goşandyny goşdylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän bu dabarada ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini öz döredijiligi, irginsiz zähmeti bilen işjeň wagyz edýän ýaşlara hem baýraklar gowşuryldy.

Biz ýaşlara şeýle öz ukybymyzy artdyrmaga mümkinçilik döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

 

Şirin ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“ Amaly-haşam sungaty fakultetiniň ”

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY