«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala getirilmegine gönükdirilip, ol döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýatly, kuwwatly hereketlendiriji güýjidir. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine bilimi ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hökmünde uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny rejelenen görnüşde kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Seýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär.
Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçen ilkinji gününden, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berip, düýpli özgertmeleri amala aşyrdy. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge bagyşlanan kanunçylyk namalary işlenilip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Kabul edilen resminamalara laýyklykda, doly orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň hepdelik, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň ýyllyk iş ýükleri azaldyldy, iş haklary köpeldildi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelikde, düýpli özgertmeleriň barşynda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, mugallymlaryň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejelerinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamynyň kämilleşdirilmegine giň ýol açyldy. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) özünden öňki kabul edilen Kanuna üýtgetmeleriň girizilmegi bilen rejelenildi. Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim bolsa jemgyýetiň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususan-da, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda, dolandyrylyşynda, iş ýöredilişinde täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşinde) eýeçiligiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň bilim edaralarynyň ähli kysymlarynda türkmen diliniň döwlet dili hökmünde okatmagyň we terbiýelemegiň esasy dilidigi bellenilendir. Türkmenistanda okuw işi, ilkinji nobatda, türkmen dilinde alnyp barylýar. Bilimi amala aşyrmagyň gurluşyndan, dolandyrylyşyndan we maksadyndan ugur alnyp okatmagyň esasy dilinden başga-da, daşary ýurt dillerinden biri ulanylyp bilner. Bilimiň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täsiriniň bardygy aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzda sanly bilime uly ähmiýet berilýän we onuň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň döwlet tarapyndan goldanylýan häzirki döwründe bilim ulgamynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän mugallymlaryň we beýleki bilim işgärleriniň işlerini guramaklarynda döwrebap täzelikdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, Kanunda gündelik sapaklary we uzak aralykdan berilýän bilimi innowasion tehnologiýalarda guramak barada ýörite kadalar beýan edilendir. Bu Kanuna girizilen üýtgetmeleriň baş maksady bilim babatda hereket edýän döwlet maksatnamalarynyň, amala aşyrylýan giň gerimli özgerişleriň çäginde mugallymlaryň işjeňligini gazanmakdyr. Olaryň bilimiň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak we bilim ulgamyna iň täze usulyýetleri girizmek, pedagogik işde innowasion toplumlary döretmek bilen baglanyşykly amala aşyrýan işlerini goldamakdyr. Pedagogik işgärleriň jemgyýetdäki ornuny kanunçylyk namalary arkaly berkitmek hem ýokarda bellenilip geçilenler we Kanunda beýan edilýän kadalar bilen berk baglanyşyklydyr. Bu işde anyk ýagdaýlarda görkezilip geçilişi ýaly, bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslary «Bilim hakynda» Türkmenitanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenilýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşiniň) Kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler bu pudagyň milli ykdysadyýetiň düzümlerine gatnaşygynyň we hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigi bilen şertlendirilýär. Goý, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Seýdi JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Adam hukuklaryny we
azatlyklaryny goramak baradaky
komitetiniň başlygynyň orunbasary.