Hemmämiziň bilşimiz ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Häzirki wagtda eziz diýarymyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak şeýle-de abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, eziz diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek we öwrenmek, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgelerini emele getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzda ýaşlaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy we ösdürilmegi babatda uly itergi berdi. Elbetde, munuň esasy özenini bolsa Esasy Kanunymyzda berkidilen kadalar emele getirýär. Ýeri gelende aýtsak, has takygy Konstitusiýamyzyň 40-njy maddasynda: “Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär” diýlip bellenilen. Bu bolsa aýdylanlara doly şaýatlyk etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň we döwlet goldawynyň kanunçylyk binýadyny düýpli berkitdi. Ine şunuň bilen birlikde, hemmämiz bilýäs şu ýylyň 14-nji iýunynda biz talyp ýaşlar üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri bolup geçdi. Çünki Gahryman Arkadagymyz Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onda ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasyna seretmek bilen Gahryman Arkadagymyz talyp ýaşlaryň birnäçe tekliplerini diňläp olar bilen söhbetdeş boldy. Bu bolsa biz ýaşlary has-da guwandyrýar. Ine bu gün güýz paslynyň ilkinji gününde bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň biz ýaşlar bilen didarlaşmagy şeýle-de ol ýerde ýaşlaryň ykbal göteriji tekliplerini tassyklaýan “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekip bermegi biz talyp ýaşlaryň bagtyny äleme ýaýdy. Biziň bu ajaýyp taryhy waka şaýat bolandygymyz üçin buýsanjymyzyň, begenjimiziň çägi ýok. Şu ýerde ýene aýratyn bellemeli zatlaryň biri, häzirki wagtda ady agzalan kanun bilen birlikde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermekde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň wajyp görkezijilerine ýetmekde bu Maksatnama aýratyn orun berilýär. Ilatymyzyň ep-esli bölegini düzýän ýaşlar, döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bitarap Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynda we oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň amala aşyrylmagynda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Umuman häzirki aýdylanlardan uly hukuk netije çykarmak mümkin. Sebäbi ilki bilen Konstitusiýamyzda berkidilen kadalar bilen birlikde ýaşlar hakynda kanunyň kabul edilmegi şeýle-de ady agzalan Maksatnamanyň “Maksatnamany amala aşyrmak” diýen V babynda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna zerur üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň görkezilmegi, hakykatdanam Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlar hakynda kanunyň özgerdilmeginiň häzirki wagtda doly iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny görkezýär. Sözümiň ahyrynda şu ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy şeýle-de ähli türkmen halkymyzy “Bilimler we talyp ýaşlar güni” bilen tüýs ýüregimizden mähirli gutlaýarys. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, türkmen ýaşlaryny baky bagtyýarlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny şeýle-de il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini talyp ýüregimizden arzuw edýäris! Alkyş Size, şöhrat Size Arkadag! Arkadagly Serdara şöhrat!
Ýolaman MÄMMEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.