WATAN SERHETDEN BAŞLANÝAR

Harby gulluga gadam basan ýaş esgerlerde watansöýüjilik, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik häsiýetlerini kemala getirmek, harby düzgün-nyzamy we hukuk tertibini berkitmek maksady bilen “Watan serhetden başlanýar” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde harby gullukçylar, türkmen halkynyň nusgawy we häzirki zaman ýazyjysy şahyrlarymyzyň harby watançylyk mowzuklaryndaky goşgulary diýseň labyzly hem täsirli ýerine ýetirildi.

Bäsleşik has täsir galdyryjy ýagdaýda geçirildi. Harby gullukçylaryň harby gullukdan öň ele alan hünärlerini ýerine ýetirip, harby gullukda hem bu hünärlerini dowam etdirjekdikleri barada buýsanç bilen belläp, eziz halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, gulluk etmegi üçin şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňra ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

 Gülşirin MAMEDOWA,

TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni

 

 

Meňzeş habarlar