Türkmen halky asyrlar boýy pähim-parasatly, aksakgal ýaşulylarymyza aýratyn uly hormat goýýar. Bu türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň biridir. Türkmençilikde islendik bir işiň başy tutulanda ilki bilen aksakgal ýaşulylarymyza geňeş edilýär. «Garry – öýüň sütüni», «Ýigit – söweşde, garry - geňeşde» ýaly pähimler muňa aýdyň mysal bolup biler.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly öwüt-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge uly goşant goşýan ýaşuly neslimiz – bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda toýlarymyzyň bezegi, däp-dessurlarymyzyň many-mazmunyny düşündirýän nesil hökmünde çykyş edýärler.
Eziz ýaşulylarymyz! Sizi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hem-de milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän Ýaşulylaryň halkara güni bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys! “Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek” diýen jümleden ugur alyp, biz ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat duşuşyklaryndaky düşündiriş işleriňiz, biz, talyp ýaşlar üçin gymmatly pentleriň biridir. Çykyşlaryňyzda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak gymmatlylygy, maşgala ojagynyň mukaddesligi, türkmençilik ýörelgeleri dogrusynda berýän maglumatlaryňyz aýratyn hem, maşgala gurýan ýaş çatynjalar üçin has gymmatly. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyndaky rowaýatlary, tymsallary, şeýle hem durmuşdan alnan mysallar arkaly berýän gürrüňleriňiz biz ýaşlara öz oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlary dogry ýola ugrukdyrmakda alyp barýan her bir wagyz-nesihat işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Hormatly ýaşulylarymyz! Mähriban watandaşlarymyz! Sizi adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan Ýaşulylaryň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ataýewa SELBI,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
Halkara Maliýe fakultetiniň
1-nji kurs talyby.