GARAŞSYZLYK – BUÝSANJYMYZ, BAGTYMYZ

Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan  Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Gündelik täzeliklere sersalmak üçin gazetdir, žurnallary ele alanyňda makalalarda ýa-da goşgy setirlerinde gabat gelýän “Garaşsyzlyk biziň ata–babalarymyzyň arzuwlan bagty” diýen sözleri okanyňda, biygtyýar oýa batýarsyň.

Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 31 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär.

Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şu gün bu toýuň ýakymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar!

Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly tutumly toýlara beslensin!

Ýaşasyn Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz!

Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!

 

Jemile Allagulýewa,

Türkmen döwlet maliýe institunyň

1-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY