Arkadagly Serdar bilen!

Binýady berkden tutulan, Watanymyň ýazlary bar,

Dost-doganlyk köpri guran, parahatlyk sazlary bar,

Ösüşleriň ýoly bilen,  ýurdum bu gün öňe barýar,

Öňe ,öňe eziz Watan  Arkadagly Serdar bilen!

 

Halk bähbidine ýugrulan, rowaçlyklaň ýoly aýdyň,

Ynsanperwer,adalatly  ýörelgämiz baky aýdym,

Ösüşlerden özgerişe üstünlikli ädýäs ädim,

Öňe ,öňe eziz Watan  Arkadagly Serdar bilen!

 

Gahryman ada  beslenen taryhymyz şöhratlydyr,

Ata-babam pendin tutup, ýaşlar bu gün gaýratlydyr,

Nurana geljege tarap, ynamly ýollar ýagtydyr,

Öňe ,öňe eziz Watan  Arkadagly Serdar bilen!

 

Ýurdumyzda baş ýörelge döwletlilik ýörelgesi,

Ahlaklylyk, merdanalyk pederleriň göreldesi,

Ajap zamana buýsanyp, halkyň çäksiz guwanmasy,

Öňe ,öňe eziz Watan Arkadagly Serdar bilen!

 

Jemal SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2022 | 26 okalan

KÄMIL TERBIÝE — MIZEMEZ GYMMATLYK

28 Noýabr 2022 | 77 okalan

ÝAŞLAR – BIZIŇ GELJEGIMIZDIR