ÝAŞ TÜRGENIŇ ÜSTÜNLIGI

Sport- bu ynsanyň sagdynlygynyň güwäsidir. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge giň mümkinçilikleriň berilýändigi biz talyp ýaşlaryň diýseň begendirýär. Bu barada hut Arkadagly Serdarymyz: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet  berýäris”- diýip,  belleýär.   Ynsan sportyň dürli görnüşleri, milli oýunlar bilen meşgullanmaklary adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklaryna mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen sportynda düýpli ösüşler gazanylýar. Sport ulgamynda yzygiderli geçirilýän ýaryşlarda türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri diýseň buýsandyryjy wakadyr.

Ýaňy ýakynda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynda sportyň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlary gatnaşdylar. Bu ýaryşda sportyň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň çempionatynda 2002-2004-nji ýylda doglan türgenleriniň arasynda 18-metr aralyga Klassiki ýaýdan çykyş etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik” kafedrasynyň 1-nji ýyllyk talyby Kowsar Abbasowa gatnaşyp üstünlige mynasyp boldy. Ýaş türgenimiziň gazanan bu üstünligi Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasatynyň baş müdirligi tarapyndan hormat hatyna we altyn medalyna mynasyp bolmagyna getirdi.

Bu gün bolsa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Kowsar Abbasowanyň gazanan bu üstünligine bagyşlanyp, gutlamak dawarasy geçirildi. Dawarada ussat halypalarymyzyň mähirligi gutlaglary ýerine ýetirildi. Ilkinji gezek sportuň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi sungat ojagymyzyň taryhynda müdümilik galjakdygy begendirijidir.

 

 

Ogulsona Öwezmyradowa

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY