Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada, agyz-burun örtügini talabalaýyk ulanmak, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini berjaý etmek hem-de çäklendirilen aralygy saklamaklygy dowam etmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek, arassaçylyk, tertip-düzgün talaplary gatnaşyjylary tanyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän, asyl käri lukman bolan Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti döretmek we halkymyzyň saglygy we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmegi babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Ilatyň saglyk meseleleri boýunça düşünjeliligini ýokarlandyrmak, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan tassyklanyp hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm wezipesi bolup durýar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda adam hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjilikli umumyadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, beýik tutumly işleriniň bolsa uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Altyn BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň
esasy hünärmeni.