Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyñ her bir güni täze ösüşlere beslenýär. Ählimiziñ bilşimiz ýaly şanly Garaşsyzlygymyzyñ 31 ýyllyk toýy ýetip gelýär. Ynha şu gün hem ajaýyp şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda “Garaşsyzlyk - kalba ylham, dillerimizde dessandyr” ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň dabaralar zalynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu geçirilen baýramçylyk çäresine Ýaşlar guramamyzyň işgärleri, paýtagtymyzyň dürli edara kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar şeýle-de ýokary we ýörite orta hünär mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.Ýurdumyzyň işleýän, okaýan ýaş zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetiren Eziz Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy hem-de bagtyýar durmuşy wasp edýän aýdymlary bu dabara özboluşly bezeg berdi. Aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy göwün göteriji özboluşly duýgulara beslendi. Muny bezelen sahnada bolan çykyşlaryň her birinden duýmak kyn bolmady. Baýramçylyk dabaranyň soňunda çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda çärä gatnaşyjylar özleri barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyza şeýle hem arkadagly Serdarymyza özleriniň alkyş sözlerini we ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Gurbanberdi ANNANUROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.