ÖŇDEBARYJY ÝAŞLAR –ÝURDUŇ BEÝIK YKBALY

             Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 1-nji sentýabrynda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm waka hökmünde häzirki zaman taryhymyzyň şanly sene ýazgysyna girdi. Gurultaýa, döwlet işleriniň kändigine garamazdan, ýörite wagt tapyp, Arkadagly Prezidentimiziň gatnaşmagy, onda çuňňur many-mazmuna, parasatly öwüt-ündewlere ýugrulan ajaýyp çykyş bilen ýaşlara ýüzlenmegi buýsançly başymyzy has-da göge ýetirdi, täze belent üstünliklere ruhlandyrdy. Ýaşlar forumynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze rejelenen görnüşi ýurdumyzda ýaş nesiller barada edilýän aladanyň iňňän uludygyny we giň möçberlidigini ýene bir gezek subut etdi. Bu strategik resminama ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlaryny we ýörelgelerini kesgitlemek bilen, ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşyny, oňaýly iş ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, ony rejelemek, kämilleşdirmek baradaky başlangyjyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini uly guwanç we buýsanç bilen aýtmak isleýäris. Ýörite şu meselä bagyşlanyp, iýunda geçirilen maslahatda hem, maslahatdan soňra hem Kanunyň taze taslamasy boýunýa ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň teklipleriniň we
isleg-arzuwlarynyň diňlenilmegi hem-de öwrenilmegi, bir tarapdan, ýaşlara bildirilýän ynamy görkezse, ikinji tarapdan, olaryň jogapkärçiligini artdyrdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda
özleri barada edilýän aladalary aňryýany bilen duýýan ýaşlarymyz ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly nesiller bolup ýetişmek hem-de ýurdumyzy mundan
beýläk-de
ählitaraplaýyn ösdürmek üçin yhlasly okamagy, öndürijilkili zähmet çekmegi, hakyky watançylygyň we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine wepalylygyň aýdyň nusgasyny görkezmegi  özlerine mukaddes borç bilýärler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen birlikde, ýaşlar syýasaty hem  üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini döwlet Baştutanymyz gurultaýda eden taryhy çykyşynda hem birnäçe mysallar arkaly tekrarlady. ,,Garaşsyz  döwletimizi 2022-2052 – nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, biz ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrýarys” diýip, Arkadagly Serdarymyz  aýtdy. Kabul edilen «Döwlet ýaşlar syýasaty hakynda» Kanunda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň
2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyn
da» ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň ýaşlar syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi gürrüňsizdir.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen goşmaçalar, hususan-da, milli buýsanjy artdyrýan bilim berijilik häsiýetli
wagyz-nesihat işleriniň gerimini giňeltmek, taryhy-medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek, ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmegiň guralyny işläp taýýarlamak, ýaşlar kärhanasyny döredip, şeýle kärhanalary döwlet tarapyndan goldamak we ýaşlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly beýleki goşmaçalar ý
urdumyzda ýaşlar meselelerini çözmek, olaryň ýurt we halkara derejesinde eýeleýän  ornuny pugtalandyrmak boýunça birnäçe anyk çäreleri mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder. Türkmenistanda ykdysady we durmuş abadançylygynyň ýokary derejede üpjün edilmegi ýaş nesilleriň bilimine, iş we ýaşaýyş şertlerine, saglygyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmäge, şeýle hem olaryň hukuklaryny goramaga oňyn mümkinçilik berýär.

Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýynda garalan meseleler, öňde goýlan wezipeler, kesgitlenen wezipeler biz – ýaşlardan eziz Watanymyzyň bähbidine mundan beýläk-de öz zehinimizi, ukybymyzy, yhlasymyzy, bilimimizi  sarp edip, okuwda yhlasly okamalydygymyzy, her bir işde päk ýürekden işlemelidigimizi aýdyň görkezdi. Arkadagly Serdarymyzyň: «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýen sözleri ýaşlar üçin işde hem, okuwda hem – umuman, durmuşda ýol-ugur görkezýän, täze maksatlara ruhlandyrýan we göwünleri galkyndyrýan beýik çagyryş boldy. Watany söýmekde, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyna hormat goýmakda, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmakda Gahryman Arkadymyz, hormatly Prezidentimiz ýaş nesillere uly göreldedir! Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň akyl-paýhasa ýugrulan dürdäne kitaplary bolsa ýaşlar üçin şamçyragdyr!

Berkarar döwletiň täze Galkynyşy döwri ýaş nesilleriň hakyky galkynýan, olaryň netijeli ösmegi üçin hemme şertleriň döredilýän döwrüdir. Sebäbi ýaşlar döwletimiziň bagtly geljegidir, jemgyýetimiziň ygtybarly güýjüdir, milletimiziň beýik ynamydyr, ösüşlerimiziň kuwwatydyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy üçin ähli zerur şertleri döretmäge örän uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hormatly Prezidentimiziň ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mynasyp orun eýeleýär.

Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda üstünlikli we iňňän guramaçylykly geçirilen Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy – bu taryhy sene mynasybetli ýaşlaryň jemgyýetçilik guramasy tarapyndan guralýan çäreler uly ruhubelentlige beslenýär, bagtyýar ýaşlyk üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň atlaryna aýdylan hoşallyk we buýsanç sözleri bilen utgaşýar.

Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryny özünde birleşdirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýar. Ýurdumyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagyna, olarda ruhy-ahlak gymmatlyklara, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi we zähmetsöýerligi terbiýelemäge hem-de döwrebap zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen ýaşlar syýasaty alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr.

Ýaňy hem aýdyşymyz ýaly, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, maksatlary hem-de wezipeleri «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň çäklerinde amala aşyrylýar. Ol, esasan, şu aşakda görkezilen ugurlary öz içine alýar: ýaş maşgalalara, kyn durmuş ýagdaýyna düşen ýaş raýatlara, ýaş hünärmenlere, telekeçilere goldaw bermek; bilim, medeniýet we sungat, ykdysady özbaşdaklyk, zähmet hukuklaryny we borçlaryny durmuşa geçirmek çygrynda, ylym we tehnologiýalar ulgamynda ýaşlara goldaw bermek; saglygy goramak, howply keselleriň öňüni almak, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini döretmek babatda ýaş raýatlara goldaw bermek; ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik taýdan ähmiýetli başlangyçlaryna, jemgyýetçilik-syýasy işine, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna goldaw bermek.

Şeýlelikde, täze kabul edilen kanunçylyk namasy ýaşlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilmegini kepillendirýär. Ol ýaş raýatlaryň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Döwlet ýaşlar syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen gurultaý hem ýaşlar syýasatynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine oňyn ýardam eder.

Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde gazanylýan beýik ösüşlere, özleri hakda edilýän alada çäksiz buýsanýarlar hem-de eşretli durmuşda ýaşaýandygy üçin özlerini juda bagtly duýýarlar. Biz ýaşlar döwletimiz tarapyndan edilýän taýsyz aladalardan ruhlanyp, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň guramamyzyň öňünde: ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy,
ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmeli; ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmeli; ýaşlaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamaly we höweslendirmeli; ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmeli; giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly; ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly; halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr diýip öňde goýan aýdyň weziplerini üstünlikli durmuşa geçirmekde, geljekde-de
ýurdumyzy ösdürmek ugrunda zehinimizi, yhlas-ukybymyzy, zähmetimizi, başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi ynandyrýarys. Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys!

 

 

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

başlygynyň orunbasary.

Öňki makala

ÝAŞLARY BAR ILIMIŇ

Indiki makala

Garaşsyzdyr eziz Watan!

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY