ÇAGA TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ORNY

Kalby päkize körpeleriň eý görýän zady erteki. Çagalyk döwrümizde mähriban enelerimiziň, atalarymyzyň gürrüň beren ertekileri her birimiziň kalbymyza siňendir. Ertekiler körpelerde gowy häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şonuň üçin-de ýaş nesilleri terbiýelemekde ertekileriň ähmiýeti uludyr.

Ertekilerde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolýar. Şonuň üçinde ýaş neslimizde watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlary terbiýelemekde ertekiler gymmatly hazynadyr. Çagalar haýwanlar hakyndaky ertekileri has-da gowy görýärler. Bu hili ertekilerde durmuş wakalary haýwan keşpleriniň üsti bilen beýan edilýär. Ertekilerde gysganç, içýakmaz, ýalta adamlar paş edilip, hoşgylaw, dogruçyl, hakykatçyl, adalatly, ugurtapyjy, ynsanperwer häsiýetli gahrymanlar wasp edilýär.

Türkmen ertekileriniň döreýşi ynsan durmuşy hem-de çeperçilik dünýäsi bilen berk baglanyşyklydyr. Ertekilerde süýji arzuwlar, gowy durmuş, adamkärçiligiň iň oňat mertebeleri, halal zähmet çeper beýan edilýär. Bilşimiz ýaly, umumybilim berýän orta mekdeplerde türkmen dili we edebiýat sapaklarynda hem ertekileri öwretmäge uly üns berilýär. Häzirki wagtda bezegli ertekili kitaplar diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, daşary ýurt dillerinde hem çap edilip, körpelere ýetirilýär. «Ejekejan», «Ýartygulak», «Böwenjik», «Akylly Ähmet», «Dogruçyl oglan», «Garynja we kepderi», «Tazy we tilki», «Gurbaga we içýan», «Möjekleri gorkuzan goýun we geçi» ýaly ertekiler çagalaryň iň söýgüli ertekilerine öwrüldi. Özümiziň kitaphana ilimizde mekdep okuwçylarynyň sapakdan boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin okuwçylara we olaryň ata-enelerine gyzykly kitaplary hödürleýäris. Munuň üçin ýörite okalga zallarymyz hem bar. Okuwçylar kitaphanamyza uly höwes bilen gelýärler. Olaryň özlerini gyzyklandyrýan kitaplary almagy üçin doly mümkinçilikler bar. Ýaş nesillerimiziň döwrebap bilimli, terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Maral YHLASOWA,

Babadaýhan etrap merkezi

kitaphanasynyň müdiri.

“Mugallymlar” gazeti,

21.09.2022 ý.

Meňzeş habarlar