«PAÝHAS ÇEŞMESI» ESERINDEN NAKYLLAR

Ýaşulusy bolmadygyň, ýaşkiçisi bolmaz.

* * *

Garry – öýüň sütüni.

* * *

Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter.

* * *

Ussa barka eliňi ýyg, ussat barka – diliňi.

* * *

Ussadyny äsgermedigiň gözüne ak düşer.

* * *

Sen sylasaň garryny, Taňry sylar baryňy.

* * *

Ýigit – söweşde, garry – geňeşde.

* * *

Ýigitlik bir uly olja, ony mydam tutup bolmaz,

* * *

Garrylyk bir gara derýa, ýüzüp ony ötüp bolmaz.

* * *

Ata barynda – ogul ýaş, aga barynda ini ýaş.

* * *

Ata razy – Hudaý razy. Ene razy – pygamber razy.

Meňzeş habarlar