Biziň döwletimiziň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlarynyň biri bolan Hytaý Halk Respublikasynda, internet maglumatlaryna görä, häzirki döwürde 1 million töweregi, has takygy, 810 000 salyr türkmenleri ýaşaýar. Olar Türkmenistanda we Merkezi Aziýada ýaşaýan salyrlar bilen dogan-garyndaşdyr. Hytaýly gadymy kowumdaşlarymyzyň taryhy we şu güni biziň üçin wajypdyr. Hytaýly türkmenler barada belli türkmen taryhçy alymy, professor Öwez Gündogdyýew «Türkmenler we dünýä halklary» atly ylmy işinde: «...Olar «salar» halky diýip atlandyrylýar. Gelip çykyşy boýunça türkmen-salyrlaryň garaman tiresinden bolup, olar ХIV asyrda Hytaýa Ýediçeşmeden göçüp gelipdir» diýip belleýär.
Hytaýdaky salyr (salar) türkmenleri belli rus syýahatçylary we alymlary N.M.Prežewalskiý, E.R.Malow, G.S.Sybikow, G.N.Potanin, E.A.Rezwan, E.R.Tenişew hem-de türkmenistanly alymlar Ö.Gündogdyýew, A.Jykyýew, M.Durdyýew, G.P.Wasilýewa we beýlekiler tarapyndan öwrenilipdir.
Biziň günlerimizde salyrlar HHR-niň Sinhaý welaýatynyň Sinhua-Salar awtonom uýezdinde, Gansu welaýatynyň Szişişan-Boaon-Dunsýan-Salyr awtonom uýezdinde kowçum bolup otursalar, Sinhaý, Gan su we Sinzýan welaýatlarynyň beýleki etraplarynda han, tibet, hueý, uýgur, gazak we başga halklar bilen garyşyk jemagat bolup ýaşaýarlar.
Salyr türkmenleri özleriniň aslyny Oguz hanyň bäşinji ogly Dag handan alyp gaýdýarlar. Salyr Dag hanyň uly ogly bolupdyr. Gadymy salyr taýpasy oguz türkmenleriniň irki 24 taýpasynyň biridir. Mehmet Neşriniň «Oguznama» diýen işinde salyr türkmenleri Oguz türkmenleriniň döwletinde Х asyryň ortalaryna, ýagny seljuklylaryň döwrüne çenli möhüm orun eýeläpdir diýlip aýdylýar. Oguz türkmenleriniň döwletiniň hanlarynyň köpüsi salyr taýpasyndan bolupdyr. Munuň şeýledigini eýranly taryhçy Raşid ad-Diniň «Jami ad Tawarih» atly ýyl ýazgylaryndan hem bilmek bolýar. Bu gaýduwsyz türkmen taýpasy 1148 — 1285-nji ýyllarda häzirki Eýranyň çäklerinde salyr türkmenleriniň Salgyrlar (salyrlar) atabegliginiň we häzirki Türkiýäniň günortasynda türkmenleriň Garamanogullary begliginiň (1256 — 1483) düýbüni tutupdyr. Kiçi Aziýada seljukly türkmenleriň Rum soltanlygynyň döredilmeginde hem salyrlaryň aýratyn uly orny bolupdyr.
Orta asyrlarda, beýleki türkmen taýpalary bilen bir hatarda, salyr türkmenleri hem döwürdeşleriniň üns merkezinde bolupdyr. Bu türkmen taýpasy baradaky maglumatlar Mahmyt Kaşgarlynyň, taryhçylar Raşid ad-Din weAbulgazynyň eserlerinde hem-de «Dädem Gorkut» kitabynda öz beýanyny tapypdyr. Salyr türkmenleri baradaky çeşmelere görnükli gündogarşynas akademik W.W.Bartold doly seljerme beripdir.
ХVI asyrda Uzboýuň suwunyň kesilmegi netijesinde dörän gurakçylyk, birnäçe türkmen taýpalary bilen birlikde, salyrlaryň hem öňki oturan ýerlerini taşlap, Hywa hanlygyna, ondan soň Amyderýanyň orta akymyna, Murgap jülgesine, has soňrak bolsa, salyrlaryň 1884-nji ýyldan gutarnykly ornaşan ýeri bolan Sarahsa göçmegine getiripdir. Şeýe hem salyr ilaty Merkezi Aziýa, Gündogar Ýewropa, Orta we Ýakyn Gündogar, Hytaý we Hindistan ýarymadasy ýaly künjeklerde mekan tutup, Özbegistan, Owganystan, Eýran, Yrak, Türkiýe, Russiýa, Hindistan we Hytaý ýaly ýurtlaryň ýer-ýurt atlarynda özleriniň yzyny galdyrypdyr. Diňe Russiýanyň we Türkiýäniň her birinde «salar» adyny göterýän oba-şäherleriň we derýalaryň onlarçasy bar. Hindistanyň Günbatar Bengaliýa diýen ýerinde Salar atly şäher hem bar.
Salyr türkmenleriniň bir bölegi Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gidip, 1370-nji ýylda birnäçe tapgyrda Hytaýyň Gündogar Türküstanyna (häzirki Sinhaý welaýatynyň SýunhuaSalar awtonom uýezdi) göçüp barypdyrlar (Dowamy bar).
Tirkeş AMANÝAZOW,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
3-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.
«Türkmen dünýäsi» gazeti. № 16 (624) 2022-nji ýylyň 24-nji awgusty.