HYTAÝLY TÜRKMENLER ýa-da salyrlaryň taryhy we şu güni

Sa­lyr­lar on­dan ozal Sa­markant­dan uzak bol­ma­dyk Nura­ta dag­la­ryn­da ýa­şap­dyr­lar. Hy­taý­da sa­lyr türk­men­le­ri «sa­lar» ady bi­len bel­li­dir. Sa­lar­lar ga­dy­my we or­ta asyr iri sa­lyr taýpa­sy­nyň bir bö­le­gi­dir. Sa­lar­lar Hy­ta­ýyň gün­ba­tar we­la­ýat­la­ryn­da or­na­şyp­dyr­lar. Olar Sin­haý we­la­ýa­ty­nyň gü­nor­ta-gün­dogar bö­le­gin­de, Hu­an­he der­ýa­sy­nyň sag ke­na­ryn­da, be­ýik dag de­pe­sin­de has gür bo­lup otur­ýar­lar. Sin­haý Mon­go­li­ýa bi­len Ti­be­tiň ara­syn­da ýer­leş­ýän dag­lyk ýer­dir. Ro­wa­ýa­ta gö­rä, sa­lar­la­ryň ata-ba­bala­ry ha­sap­lan­ýan Ak­man we Ga­ra­manyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da, sa­lar­lar uzak ýol sö­küp, ak dü­ýe­le­rin­de Sin­hua­nyň mes top­rak­ly we bol suw­ly ýe­ri­ne ba­ryp ýetip­dir­ler. Şon­da ola­ryň bir dü­ýe­si suw­ly çeş­mä­niň bo­ýu­na ba­ryp ýy­ky­lyp, jan berip­dir. Sa­lyr­lar ýa­şa­mak üçin amat­ly bolan bu ül­kä­niň Geýs­zi şä­he­rin­de mes­gen tu­tup­dyr­lar. Ak dü­ýe bol­sa ola­ryň mil­li ny­şa­ny­na öw­rü­lip­dir. Sin­hua şä­he­rin­de ar­ka­sy­na ke­ra­mat­ly ki­tap — Gur­han ýükle­nen ak dü­ýä mer­mer­den heý­kel hem otur­dy­lan. Sa­lyr ýa­şu­lu­la­ry­nyň bi­ri: «Biziň mil­li ru­hu­my­zyň ny­şa­ny bo­lan 2 sa­ny gym­mat­ly­gy­myz — ke­ra­mat­ly Gur­han we dü­ýe çeş­mä­miz bar» di­ýip­dir. Hä­zirki dö­wür­de «Dü­ýe çeş­me­si» se­ýil­gä­hi Sin­hua-Sa­lar aw­to­nom uýez­di­niň aja­ýyp ja­han­keş­de­lik ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len. Alym­lar E.R.Te­ni­şew we A.Jy­ky­ýe­wiň bel­läp ge­çi­şi­ne gö­rä, sa­lar­la­ryň Hy­ta­ýa gö­çü­şi ola­ryň aý­dym­dyr tans­la­ryn­da we toý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän «Dü­ýe oý­ny» ýa­ly oýun­la­ryn­da öz my­na­syp or­nu­ny ta­pyp­dyr. Sa­lar hal­ky­nyň ge­lip çy­ky­şy (et­noge­ne­zi) Hy­taý döw­le­ti­niň Min ne­sil­şaly­gy­nyň (1368 — 1644) döw­rün­den baş­lan­ýar. Sa­lyr­lar il­kin­ji ge­zek Min nesil­şa­ly­gy­nyň ýyl ýaz­gy­la­ryn­da ag­za­lyp ge­çil­ýär. Bu ne­sil­şa­lyk sa­lar­la­ra örän uly öz­baş­dak­lyk we öz-özü­ni do­lan­dyr­ma­gy be­rip­dir.

Sa­lar­lar äh­li türk­men­ler ýa­ly, öz­le­ri­niň gaý­duw­syz­ly­gy we sö­weş­jeň­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Şo­nuň üçi­nem, Min we Sin ne­sil­şa­lyk­la­ry sa­lar­la­ry ýygy-ýy­gy­dan go­şun gul­lu­gy­na alyp­dyr. Tan ne­sil­şa­ly­gy döw­rün­de sa­lar­lar Hyta­ýyň ser­het ýa­ka­syn­da or­na­şyp, hä­zir hem Sin­haý-Gan­su ser­het se­bi­tin­de otur­ýar­lar. Ikin­ji ja­han ur­şy döw­rün­de bol­sa, sa­lar go­şun­la­ry ýa­pon ba­sy­ba­lyjy­la­ry­na gar­şy gö­re­şip­dir­ler. Bu uruş­da sa­lar­lar­dan ge­ne­ral Han Ýu­wen ýa­ly bel­li ser­ker­de­ler hem çy­kyp­dyr.

Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy döw­rün­de sa­lar­la­ryň ýag­da­ýy has hem go­wu­laş­dy. Sa­lar­la­ryň esa­sy ýa­şa­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri Sin­haý we­la­ýa­ty­dyr. Hu­an­he der­ýa­synyň sag ke­na­ry­ny tu­tup ýa­tan bu dag­lyk ýer­de hy­taý sa­lar­la­ry­nyň 61 gö­te­rim­den gow­ra­gy ýa­şa­ýar. Şu ýag­daý göz öňün­de tu­tu­lyp, 1954-nji ýyl­da Sin­hua sa­lar hal­ky Sin­hua-Sa­lar aw­to­nom uýez­di­ne öw­rül­di. Sa­lar­lar bu uýez­diň daş-tö­we­re­gin­de ýaşa­ýan hy­taý, hu­eý (dun­gan) we ti­bet ila­ty bi­len uzak döw­rüň do­wa­myn­da ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­lup gel­ýär­ler. Sa­lar­lar bu uýezd­den baş­ga, Sin­haý we­la­ýa­tynyň Hua­lun, Haý­beý, Haý­si, Hu­an­nan uýezd­le­rin­de hem ýa­şa­ýar­lar. Ol ýer­ler Sin­haý we­la­ýa­ty­nyň gü­nor­ta-gün­do­garyn­da, Azi­ýa­nyň üç sa­ny be­ýik der­ýa­synyň — Hu­an­he, Ýans­zy we Me­kon­gyň göz­baş­la­ry­na ýa­kyn ýer­de ýer­leş­ýär. 1980-nji ýyl­da goň­şy Gan­su we­la­ýa­tynda hem sa­lar aw­to­nom uýez­di dö­re­dil­di. Sa­lyr­lar bu we­la­ýa­tyň Lin­su, Gan­nan, Su­nan, Lanç­žou uýezd­le­rin­de, ýe­ne-de Sinz­ýan-Uý­gur aw­to­nom ra­ýo­ny­nyň günba­ta­ryn­da — Inin şä­he­rin­de, Pe­kin­de we ýur­duň beý­le­ki şä­her­le­rin­de ýa­şa­ýar­lar. Kä­bir alym­lar Hy­ta­ýa gö­çüp gi­den salyr­la­ryň ta­ry­hyň uzak do­wa­myn­da han, hu­eý, ti­bet halk­la­ry bi­len ga­ryş­ma­gy­nyň ne­ti­je­sin­de, sa­lar hal­ky ke­ma­la ge­lip­dir di­ýip ha­sap ed­ýär­ler. Hä­zir­ki dö­wür salar­la­ry HHR-niň halk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, ola­ryň öz mil­li aw­to­no­mi­ýa­sy, ene di­li, öz­bo­luş­ly ta­ry­hy, ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy we däp-des­sur­la­ry bar. Ant­ro­po­lo­gi­ýa taýdan sa­lar­lar ýew­ro­peoid we mon­go­lo­id jyns­la­ry­na bö­lün­ýär­ler.

Hy­taý sa­lar­la­ry­nyň di­li türk­men di­li­niň oguz to­pa­ry­na ýa­kyn­dyr. Dür­li se­bäp­le­re gö­rä, ola­ryň di­li­niň öz aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup, ola­ryň di­li­ne hy­taý we ti­bet dil­le­ri uly täsir edip­dir. Szinsz­ýan-uý­gur aw­to­nom ra­ýo­nyn­da ýa­şa­ýan sa­lar­la­ryň di­li bol­sa uý­gur di­li­niň güýç­li tä­si­ri­ne dü­şüp­dir. Sa­lar di­li­ne de­giş­li il­kin­ji mag­lu­mat­lar ХVIII asy­ra de­giş­li­dir. Mu­nuň şeý­le­digi­ni G.N.Po­ta­ni­niň Hy­taý­da alyp ba­ran bar­lag iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de hem gör­mek bol­ýar. Sa­lar di­li­niň öw­re­nil­me­gi­ne tür­ki dil­le­ri öw­re­ni­ji rus alym­la­ry S.Ý.Ma­low we E.R.Te­ni­şew uly go­şant go­şup­dyr. E.R.Te­ni­şew 1969-njy ýyl­da sa­lar di­li­niň gram­ma­ti­ka­sy­ny be­ýan ed­ýän «Sa­lar di­li­niň dü­zü­mi» at­ly dok­tor­lyk dis­ser­ta­siýa­sy­ny go­rap­dyr. Sa­lar­la­ryň ýa­zuw di­li bol­ma­ny se­bäp­li, ýa­zuw üçin olar la­tyn elip­bi­ýi­ni we hy­taý iýe­rog­lif­le­ri­ni ulan­ýarlar. Sa­lar di­li, esa­san, gep­le­şik­de, gün­delik dur­muş­da ula­nyl­ýar. Hy­taý di­li sa­lar­lar üçin hem gep­le­şik, hem-de ýa­zuw di­li­dir. Olar äh­li res­mi ýag­daý­lar­da hy­taý di­li­ni ulan­ýar­lar. Sa­lar­la­ryň hä­zir­ki ýaş nes­liniň äh­li­si di­ýen ýa­ly hy­taý di­li­ni su­wa­ra bil­ýär­ler. Sa­lar di­li ola­ryň köp­lük bo­lup ýa­şa­ýan Sin­hua-Sa­lar aw­to­nom uýezdi­niň we Szi­şi­şan-Baoan-Duns­ýan-Sa­lar uýez­di­niň res­mi di­li­dir. Sa­lar­la­ryň söz­lük go­ru­nyň 20 gö­te­ri­mi hy­taý di­lin­den we 10 gö­te­ri­mi hem ti­bet di­lin­den al­nan söz­lerdir. HHR-niň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň mil­let­ler ins­ti­tu­ty sa­lar di­li­ni öw­ren­ýär.

Sa­lar di­li­niň ýa­zuw di­li bol­ma­sa-da, olar la­tyn harp­la­ry­nyň esa­syn­da hy­taý we sa­lar dil­le­rin­de ýyl­da iki ge­zek «Sui­ni Sa­lar» žur­na­ly­ny çy­kar­ýar­lar. On­da goşgu­lar, gys­ga­jyk he­ka­ýa­lar, et­nog­ra­fi­ýa we di­le de­giş­li ma­ka­la­lar ýer­leş­di­ril­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýaly, Now­ruz sa­lar­lar üçi­nem baş baý­ram bo­lup dur­ýar. Sin­haý sa­lar­la­ry 2010-njy ýy­lyň 21-nji mar­tyn­da öz­le­ri­niň gaý­ta­dan di­kel­di­len Now­ruz baý­ra­my­ny il­kin­ji gezek bel­läp geç­di­ler.

Oba ho­ja­ly­gy we bag­çy­lyk bi­len meşgul­lan­mak uzyn ta­ry­hyň do­wa­myn­da sa­lar­lar üçin däp bo­lup ga­lyp­dyr. Olaryň ag­la­ba­sy­na su­wa­rym­ly eke­ran­çy­lyk mah­sus­dyr. Sa­lar­lar bug­daý, ar­pa, da­ry, sü­le, jö­wen, gre­çi­ha ýa­ly ekin­le­ri ekýär­ler. Ýö­ne ola­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­rin­de eke­ran­çy­ly­ga ýa­ram­ly ýer­ler ga­ty az. Şo­nuň üçi­nem, jül­ge­ler­dä­ki her bir daban ýer uly ala­da bi­len gur­şa­lyp, ir­gin­siz iş­le­nip be­je­ril­ýär. Dag etek­le­rin­de hem ekin ekil­ýär. Olar­da ekiş möw­sü­mi­ni baş­lap goý­ber­mek, ýag­ny ýe­re to­hum taş­la­mak, adat­ça, aýal­la­ryň pa­ýy­na düşýär. Öý ho­ja­ly­gyn­da olar ga­ra mal­la­ry, do­war­la­ry, gyl­ýal­la­ry we ş.m. ided­ýär­ler. Go­ýun­la­ryn­dan alyn­ýan ýüň­den bol­sa, aýal-gyz­la­ry ga­lyň ma­ta­la­ry do­ka­ýar­lar. Sa­lar­lar us­sat bag­ban. Her bir sa­ly­ryň how­lu­syn­da di­ýen ýa­ly nus­ga alar­lyk bag-bak­ja bo­lup, olar­dan gy­şyn-ýa­zyn al­ma, ar­myt, hoz, üzüm, şet­da­ly, ga­wun gar­pyz, burç, ýe­ral­ma ýa­ly mi­we­ler­dir bak­ja önüm­le­ri­niň bol ha­sy­ly alyn­ýar. Su­war­ma­gyň amat­ly bol­ma­gy üçin, olaryň bag­la­ry we mel­lek­le­ri ýe­re çuň­ňur oýu­lyp or­naş­dy­ry­lan. Ola­ryň oba­la­ry­nyň kö­çe­le­ri­niň gy­ra­syn­dan geç­ýän su­wa­ryş ýap­la­ry­nyň bo­ýu­na sö­wüt we ga­ra­gaç otur­dy­lan. Şeý­le hem olar­da de­mir­çi­lik se­ne­di, kü­lal­çy­lyk, aýak­gap us­sa­çy­ly­gy, un üwe­mek we beý­le­ki se­net­dir hü­närment­çi­lik­ler ne­sil­den nes­le ge­çip gel­ýär.

Ýer­li to­kaý se­na­ga­ty kä­bir oba­lar üçin ga­zanç et­me­giň ýe­ne bir çeş­me­si bo­lup dur­ýar. Myn­ta oba­sy­nyň tö­we­re­gin­de to­kaý­lar köp bo­lan­soň, bu ýer­de agaç us­sa­çy­ly­gy giň­den ýaý­ran. Der­ýa bo­ýunda ýa­şa­ýan sa­lar­lar der­ýa­dan agaç­la­ry ak­dy­ryp, öz­le­ri­niň gä­mi­le­ri bi­len adamla­ry gat­na­dyp we ýük­le­ri da­şap ga­zanç ed­ýär­ler.

Sa­lar­lar ugur­ta­py­jy we zäh­met­sö­ýer halk. Olar se­na­gat­da, ulag ul­ga­myn­da, te­le­ke­çi­lik­de, hyz­mat ediş ul­ga­myn­da, aý­ra­tyn hem jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti­ni gura­mak­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­dy­lar. Ola­ryň «Sa­rah pe­op­le» we «Sa­rah Flower» res­to­ran­la­ry­nyň ýur­duň äh­li kün­jegi­ne ýaý­ra­ma­gy hem mu­nuň şeý­le­di­gi­ni gör­kez­ýär. Ola­ryň «Sin­haý Bu­ha­ra» kom­pa­ni­ýa­sy ak tah­ýa­la­ry, ha­lat­la­ry, na­maz­lyk­la­ry we ş.m. ön­dür­ýär. Bu kompa­ni­ýa­nyň pa­ýy­na ön­dü­ril­ýän mu­sul­man tah­ýa­la­ry­nyň 70 gö­te­ri­mi düş­ýär. Şeý­le hem ol mil­li­on­lar­ça pa­pak­la­ry da­şary ýurt­la­ra çy­kar­ýar. Kom­pa­ni­ýa tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça ala­nyň­da-da mu­sul­man egin-eşi­gi­ni ön­dür­ýän we sat­ýan iň iri kär­ha­na­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu gün­ki gün «Sin­haý Bu­ha­ra» kom­pa­ni­ýa­sy meş­hur söw­da mar­ka­sy­dyr. Sa­lar­lar musul­man te­le­ke­çi­li­gi­niň däp-des­sur­la­ry­na eýe­rip, uly sep­git­le­re ýet­di­ler.

Uly şä­her­ler­de sa­lar­lar däp bo­ýun­ça top­lum-top­lum bo­lup, hu­eý mu­sul­manla­ry bi­len bi­le ýa­şa­ýar­lar hem-de esa­san söw­da we res­to­ran biz­ne­si bi­len meşgul­lan­ýar­lar. Sa­lar­lar ök­de gur­lu­şyk­çy we bi­na­gär hök­mün­de-de meş­hur­dyr­lar. Ola­ryň oba-şä­her­le­rin­dä­ki köp san­ly jem­gy­ýet­çi­lik des­ga­la­ry ar­hi­tek­tu­ra taýdan örän yk­jam­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Sa­lar­la­ryň jaý­la­ry ýap­la­ryň bo­ýun­da, bir-bi­ri­ne ok­law ýa­ly gös-gö­ni ýag­daý­da ýer­le­şip, dört­burç gör­nüş­de­dir. Oba ýerle­rin­de sa­lar­lar uly oba bo­lup otur­ýar­lar.

Oba­la­ry­nyň ara­sy kän uzak däl — 10-15 ki­lo­metr. Ola­ryň jaý­la­ry­nyň ara­syn­da şä­her­ler­dä­ki ýa­ly ha­ýat­lar ýok. Jaý­lar bir-bi­ri­ne go­laý bo­lup, ola­ryň aý­na­la­ry how­ly­nyň içi­ne bak­ýar. Oba ýer­le­rin­däki sa­lar­la­ryň jaý­la­ry Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çet-gy­ra­la­ryn­da­ky oba jaý­la­ry­ny ýa­dy­ňa sal­ýar. Ola­ryň jaý­la­ry hem pal­çyk­dan pag­sa-pag­sa edi­lip sal­nan, çig ker­piçden we bi­şen ker­piç­den sal­nan jaý­la­ry seý­rek duş gel­ýär. Jaý­la­ry­nyň ag­la­basyn­da ýe­riň özi pol bo­lup, ola­ryň di­ňe uly jaý­la­ry agaç pol­lu­dyr. Üçek­le­ri bol­sa ýa­sy gör­nüş­de­dir. Ola­ryň jaý­la­ry­nyň esasy ota­gy­nyň ýar­sy­ny se­ki (tap­çan) tut­ýar we onuň üs­tün­de hem ýat­ýar­lar, hemde na­har­lan­ýar­lar. Di­wa­ryň düý­bün­de bol­sa ola­ryň dür­li reňk­dä­ki san­dyk­la­ry goý­lan. Sa­lar­la­ryň jaý­la­ry­nyň daş görnü­şi uý­gur­la­ryň­ka meň­zeş. 1 ýa 2 gat­ly jaý­la­ry adam ýa­şa­ýan how­lu­dan we hoja­lyk how­lu­syn­dan yba­rat bo­lup, ola­ryň hem­me­si hök­man eý­wan­ly­dyr. Ba­gy ýok sa­lar­la­ryň how­lu­syn­da, ýok di­ýen­de 2-3 düýp bä­gül gö­ge­rip otu­ran­dyr.

Sa­lar­la­ryň iý­mi­ti­niň esa­sy­ny tü­wi ýa­ly dä­ne­li ekin­ler­den alyn­ýan önüm­ler, balyk, süýt, çö­rek, gök önüm­ler, ýe­ral­ma, go­ýun we to­wuk eti düz­ýär. Et (däp bo­ýun­ça go­ýun eti) ýa di­ňe özi, ýa-da una­şa ýa tü­wä go­şu­lyp äbe­ril­ýär. Ola­ryň gün­de­lik na­ha­ry — et­li unaş we go­wy gör­lüp çö­rek bi­len içil­ýän süýt­li ýa bugdaý ça­ýy. Ýe­ne-de ola­ryň di­ňe öz­le­ri­ne mah­sus ýö­ri­te na­har­la­ry we süý­jü­lik­le­ri bar. Olar has-da lag­ma­ny ha­la­ýar­lar. Tö­we­re­gin­dä­ki halk­lar ýa­ly, olar hem naha­ry ta­ýa­jyk­lar bi­len iý­ýär­ler. Sa­lar­la­ryň ta­gam taý­ýar­laý­şy hy­taý­ça. Olar­da nahar he­mi­şe gyz­gyn ýag­daý­da äbe­ril­ýär, et ow­nuk edi­lip ke­sil­ýär. Oba ýer­le­rin­de ýa­şa­ýan sa­lar­lar, esa­san, et­li na­har­la­ry iý­ýär­ler, tam­dy­ra çö­rek ýap­ýar­lar. Salar­la­ryň­ky ýa­ly şeý­le tam­dyr­lar Hy­ta­ýyň baş­ga hiç ýe­rin­de ýok.

Uzak döw­rüň do­wa­myn­da ýer­li halk­lar bi­len ga­ryş­ma­gyň ne­ti­je­sin­de, sa­larla­ryň daş keş­bi hem üýt­gäp­dir. Ola­ryň egin-eşi­gi bol­sa, adat­ça hu­eý­le­riň­kä örän meň­zeş­dir. Er­kek adam­lar adat­ça sak­gal­ly, ak köý­nek we ak ýa-da ga­ra tah­ýa, pen­jek hem-de ha­lat geý­ýär­ler. Ýa­zy­na er­kek­ler köý­nek, ba­lak, ýeň­siz ýa-da kurt­ka, aýa­gy­na bol­sa aşa­gy mata­dan bo­lan aýak­gap, pa­pak geý­se­ler, aýal­lar uzyn ba­lak­la­ry­nyň üs­tün­den ha­lat ýa kurt­ka geý­ýär­ler. Ha­la­dyň üstün­den ge­ýil­ýän kem­zol­la­ry hem bar. Olar gy­zyl köý­ne­gi, na­gyş­ly ga­ra ýeň­si­zi we ýag­lyk­la­ry go­wy gör­ýär­ler. Aýal­la­ryň kel­le­le­ri­ne dak­ýan di­ňe öz­le­ri­ne mah­sus zat­la­ry hem bar. Gy­şy­na er­kek­ler we aýal­lar pag­ta ör­tük­li ha­lat­la­ry ýa-da possun geý­ýär­ler. Dur­mu­şa çyk­ma­dyk ýaş gyz­lar açyk reňk­dä­ki hy­taý köý­nek­le­ri­ni geý­ýär­ler. Dur­mu­şa çy­kan aýal­lar bol­sa ak ýa-da ga­ra ny­kap­ly.

Sa­lar­la­ryň me­de­ni­ýe­ti we ýa­şa­ýyş dur­mu­şy köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da ga­dy­my hy­taý we bu top­rak­da ýa­şa­ýan köp­san­ly beý­le­ki halk­la­ryň me­de­ni­ýe­tiniň hem-de bud­da­çy­ly­gyň we ys­la­myň öza­ra tä­si­ri­niň ne­ti­je­si­dir. Ola­ryň mede­ni­ýe­ti­niň aja­ýyp ta­ra­py­nyň bi­ri hem sa­lar­la­ryň ýa­şu­lu­la­ra aý­ra­tyn uly sar­pa goý­ýan­ly­gy­dyr. Sa­lar­lar öz­le­ri­niň me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­lap, ony ne­sil­ler­den ne­sil­le­re aýaw­ly ge­çi­rip gel­ýär­ler. Asyrlar­dan asyr­la­ra aşyp gel­ýän ha­ly do­kamak, ke­çe bas­mak hem şeý­le mi­ra­syň bir bö­le­gi­dir. Ola­ryň met­jit­dir beý­le­ki ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri şu gü­ne çen­li go­wy sak­la­nyp­dyr. Sa­lar­lar ys­lamyň sün­ni mez­he­bi­ne we ola­ryň di­ňe bir aza­jyk bö­le­gi ti­bet bud­da­çy­ly­gy­na uý­ýar.

Sa­lar­lar­da hem türk­men ti­re-taý­pa­laryn­da­ky «öw­lat­la­ry» ýat­lad­ýan aý­ra­tyn di­ni gat­lak bar. Ola­ryň ne­be­re­le­ri­niň için­de kyrk we­li­niň (biz­de 40 çil­ten) kulty meş­hur­dyr. Olar il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da Sin­hua ge­lip­dir­ler. Hä­zir Hy­taý­da sa­larla­ryň dört gör­nüş­li bi­na­gär­lik usu­lyn­da sal­nan 153 sa­ny met­ji­di bar. Ol met­jit­le­riň di­war­la­ryn­da ga­dy­my­ly­gyň we tä­ze­çil­ligiň ru­hy bo­lup, olar sa­lar­la­ryň mil­li­li­gi­ne la­ýyk­lyk­da be­ze­len. Ys­lam di­ni ola­ryň dur­mu­şy­nyň äh­li ul­gam­la­ry­na güýç­li tä­sir ed­ýär. Jei­zi oba­syn­da sa­lar­la­ryň iň uly we ga­dy­my di­ni mer­ke­zi bo­lan Gai­zi Mi­şit med­re­se­si ýer­leş­ýär. Onuň gap­da­lyn­da bol­sa ýo­kar­da ag­za­lan «Dü­ýe çeş­me­si» te­ma­tik se­ýil­gä­hi bar. Bi­na­gär­li­giň ajaýyp nus­ga­sy bo­lan Gai­zi Mi­şit («mi­şit» sö­zi «met­jit» sö­zün­den ge­lip çy­kan) şol bir­wagt­da hem med­re­se, hem met­jit we et­nog­ra­fik mu­zeý­dir. Med­re­sä­niň için­de ýer­le­şen uly bol­ma­dyk mu­zeý­de dür­li gol­ýaz­ma­lar we ola­ryň ata-ba­ba­la­ry­nyň ge­ti­ren mu­kad­des Gur­ha­ny bi­len ta­nyşmak bol­ýar. Nan­kin mu­ze­ýi ta­ra­pyn­dan gaý­ta­dan di­kel­di­len Gur­ha­nyň öm­ri 700 ýyl diý­lip se­ne­len­ýär hem-de ol Hy­taýda iň ga­dy­my Gur­han ha­sap­la­nyl­ýar. Şeý­le hem ol med­re­se­dä­ki mu­zeý­de sa­lar di­lin­dä­ki arap elip­bi­ýin­de ýa­zy­lan az san­ly gol­ýaz­ma­lar we sa­lar­la­ryň mil­li mu­kad­des­li­gi ha­sap­la­nyl­ýan «Sa­lar­la­ryň gö­çüp gel­şi­niň ta­ry­hy» at­ly ta­ry­hy ki­tap hem sak­la­nyl­ýar.

Tir­keş AMAN­ÝA­ZOW,

Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len

3-nji or­ta mek­de­biň ta­ryh mu­gal­ly­my.

«Türkmen dünýäsi» gazeti. № 17 (625) 2022-nji ýylyň 14-nji sentýabry.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR