Berdimuhamet Bama anna güni gidip gelensoň, şenbe güni sany on alta ýeten okuwçy oglanlar üçin baýramçylykdy. Mugallym her hepde bäş-alty sany üýtgeşik tagamly demirýol çöregini alyp gelýärdi. Onuň reňki gara bolsa-da, tagamy gowudy. Şenbe güni arakesmede garry enäniň garna dykylan şorja etden ýa-da gowurdakdan bişirilen ýaglyja çorbasy bilen del çörek mekdebiň okuwçylary üçin görülmedik lezzetdi.
Okuw üçin hak almazlyk mekdebiň esasy düzgüni bolansoň, bir habar gulagyna ilen Berdimuhamet bir gün:
– Ene, okuw üçin hak alýarmyşyň diýýärler welin, dogrumy? – diýip sorady.
– Oglum, men kimden näme almalydygyny gowy bilýärin. Sen alada etme. Mazluma ýük bolup, özümizi ýigrendirmeris. Munuň öz sebäpjigi bar. Ine, indiki gezek Bama gideniňde şu pullaryň ýetenine köýneklik ak mata, balaklyk üçin hem gara mata alyp gel. Soňra düşünersiň...
Berdimuhamet enesiniň sargydyny berjaý etdi. Bir hepde geçenden soň, penşenbe güni irden garry ene agtygyna şeýle diýdi:
– Balam, üns berýäňmi, Mergeniň, Esenmyradyň, Güýçgeldiniň eşikleri ýama-ýamadyr. Bu gün okuwy tamamlamazyň öň ýanynda: «Şu hepde derslerine iň gowy ýetişen okuwçy Mergen boldy» diýip yglan et. Soňra ony meniň ýanyma iber. Ana, şonda özüňem düşünersiň.
Berdimuhamet enesiniň aýdyşy ýaly etdi. Sähel salymdan soň täzeje köýnek-balakly Mergen köne eşiklerini goltugyna gysyp, dylym-dylym edip mekdep otagyna girdi. Aňk bolup galan oglanlar birbada bolan zada düşünip bilmediler. Bu Berdimuhamet üçinem garaşylmadyk ýagdaý boldy. Ol enesiniň pirimine indi düşündi.
– Okuwçylar, Mergeniň ýetişikde gazanan üstünligi üçin alan baýragyny gutlalyň! Derslerine gowy ýetişen okuwçylar indi her hepde baýraga mynasyp bolar. Mergenden görelde alyň! Dostlary oglanjygy gutladylar, ýerine geçip oturanda bolsa, yrym edip ony çalaja çümmüklediler.
– Ene, sen-ä bir açyş edäýdiň ýöne. Çagalaryň höwesini artdyrmak üçin bu diýseň uly täsir etjek zat. Walla, özümem haýran galdym.
– Oglum, men diňe seniň eneň däl, Anna janyňam ejesidigimi unutma – diýip, garry hezil edip güldi –Onsoňam üns berýän bolsaň, kemis iýýän, ýetmezräk çagalara odun getir, suw getir diýen ýaly ýeňil ýumuşlary buýrup, garynlaryny doýrup goýberýändirin. Bu-da biziň sogabymyza ýazylar, enşalla...