TÜRKMEN DILINIŇ SÖZKÖKI (ETIMOLOGIK) SÖZLÜGI

Argaç – Aşaky we ýokarky erişleriň aralygyndan geçirilip, olar bilen dolaşýan, argaşýan ýüplük. Bu adyň arga sözi arka bilen kökdeşdir (çünki ol erişleriň arkasyndan aýlanýar), – goşulma. Şeýle sözlere ýene mysallar: arkaç, erkeç.

Arpyşdak – Matanyň gyrkylan tarapy çypyrylmaz (ýagny ýa argajy, ýa-da erşi sökülip aýrylmaz) ýaly, onuň gyrasy ýörmelýär. Şu ýörmemäniň Ahalda arpyşdak diýen ady bar (bu tikiniň orusça ady awerlok). Ahalda ilki bir tarapa, soňra onuň üstünden beýleki tarapa ýörmelip edilýän keşdä-de arpyşdaklamak diýilýär.

Arslan – «Türkmen diliniň sözlüginde» (1962) iňňän güýçli bu wagşy haýwanyň ady «Pişikler maşgalasyndan bolan gytyk sary tüýli, erkekleriniň boýny tüýlek wagşy haýwan, şir, peleň, ýolbars» diýlip düşündirilipdir. Magtymguly adyndaky TDU-nyň professory Baýýa Orazgulyýew muny has takyklaýar: «Arslan – derisi sary ýa garamtyl-sary, ýol-ýol barsyň (leopardyň) erkegi».

Sözüň köküni derňeýän türkşynaslar bu haýwanyň adyny iki bölege bölýärler:

1.Ars – birinji çaklama görä, ses meňzetmesi – arlamak bilen bagly söz, başga bir pikire görä bolsa ol «wagşy», «örän gaharjaň», «güýçli» manysyndaky arsyl sözündendir (hakas dilinde şu manyda ol söz häzirem ýörgünli). Adyň lan bölegi «haýwan» manysyndandyr. 2. Ý.Nemet, A.Ş.Şerbak ýaly alymlar arslan sözüniň arsyl bölegini «goňur», «an» sözüni hem «ýabany haýwan» diýip düşündirýärler. «Gaharjaň, güýçli, haýwan» we «ýabany goňur haýwan» manysyndaky bu çaklamalar biri-birine has ýakyn bolup, gadymy türki kowumlaryň barsy onuň tebigatyna kybapdaş söz bilen atlandyrandygyna güwä geçýär.

Arşyn – Türki dilleriň aglabasynda, şeýle-de orus we mongol dillerinde geçmişde ýörgünli bolan we 71.12 santimetre deň uzynlygy aňladan arşyn diýen sözi alymlar «tirsek» manysyndaky arş diýen pars sözi bilen baglanyşdyrýarlar. Emma arş sözi türki dillere-de ýat däl. Meselem, türkmen dilinde arabanyň öň tigirlerinden araba goşulýan malyň iki gapdaly bilen onuň boýnuna çenli uzalyp gidýän uzyn agaçlaryna, türk dilinde bolsa tirsekden orta barmagyň ujuna çenli aralyga aryş diýilýär. Bu sözüň yzyna goşulan -yn hem türki goşulmadyr. Ol boýun, orun, burun, garyn, odun ýaly sözlerde-de duş gelýär.

Ary – Çakýan, uçýan, şeýle-de bal getirýän möjejigiň ary diýen ady, köp alymlaryň pikiriçe, arap sözüdir. Araplar balarynyň önümi bolan bala ary diýipdirler. Mahmyt Kaşgarly şeýle diýýär: «Ary – bu söz arapçadyr. Araplar bala ary diýýärler, türklerde bu at baly öndürijini aňladýar. Çigil türklerinde balarynyň ady bal, balyň ady bolsa bal ýagydyr» ( «Diwanyň» türkçesi, 1 jilt, 87 sah.). Türkşynas alymlaryň başga bir topary ary sözüni «päk, tämiz» manysyndaky ar (ser. Arassa...) adalgasyndan dörän hasap edýärler, çünki arylar (ylaýta-da balarylar) iňňän arassaçyl jandarlardyr.

Aryk [a:ryk] – Ähli türki dillerde duş gelýän we olaryň köpüsinde «ýap, kanal», käbirinde «arym», «garym», gadymy türki dillerde «derýa», «çeşme», «bulak», manjur dilinde «akyn», ýakut, hakas dillerinde bolsa «tokaý», «ada», «tokaýly ada» ýaly manylary aňladýan bu söz gaty gadymy bolup, ol türki dilleriň mongol we majar dilleri bilen bir umumylygy emele getiren eýýamynda ýüze çykypdyr (bu söz şol dillerde-de ýörgünlidir). Aryk sözüniň köki ar sözünden emele gelipdir, ol söz bolsa arym, arna, arçamak, aral ýaly sözleriň düzüminde-de duş gelýär.

öý – Türkmen diliniň şiwelerinde (günbatar ýomut şiwesinde, Astrahan we Stawropol türkmenleriniň gepleşiginde) öýde nahar bişirilýän, azyk-owkat we gap-çanak goýulýan jaýa aşöý diýilýär.

Aşyr [a:şyr] – 1. Aşyr atmak – bökende kelläniň üstünden aşyrylyp, aýak üstüne düşmek. Aşyr sözi aşmak işliginiň kökünden we -yr goşulmasyndan durýar (deň. agyr, bükür, sokur). 2. Kamary günsanaryň muharram aýynyň ikinji ady, şu aýda doglan çagalara dakylýan at (köplenç, goşma adyň birinji ýa ikinji sözi). Bu aşyr «onluk» manysyndaky aşura diýen arap sözüniň gysgalan görnüşidir. 680-nji ýylda Arap halypatynyň hökümdary Muawiýa ölenden soň, tagt ugrunda ýiti göreş başlanýar. Alynyň ogly, Muhammediň agtygy Hüseýin tagty basyp almak üçin paýtagta hüjüme ugraýar, emma muharram (häzir oktýabr) aýynyň 10-ynda Yrakdaky Kerbela obasynyň ýakynynda gabawa salnyp ýok edilýär. Alynyň tarapdarlary (şaýylar) bu güni her ýyl ahy-perýat bilen bellemäge başlaýarlar. Öň diňe muharram aýynyň onuna ýa-da 1-nji ongünlügine aşura diýlen bolsa, soňra bu aýa tutuşlygyna aşura/aşyr diýen at galýar.

Atabeg – Bu söz geçmişde birnäçe manyda ulanylypdyr: 1. Gadymy oguz türkmenlerinde iliň arasyndan saýlanyp çykan atly-abraýly, akylly şahslara, aksakgallara, serkerdelere atabeg diýen hormatly at berlipdir. 2. Ýakyn Gündogar ýurtlarynda ýaşan türkmenler türk gullarynyň içinden çykan serkerdelere atabeg diýipdirler. 3. Atabeg sözi atalyk manysynda-da ulanylypdyr (atalyk sözüne serediň). 4. Hywa hanlygynda beýleki halklara däl-de, diňe türkmenlere berlen emel, çin.

Atal – Gadymy türkmen dilinde we käbir şiwelerde «oňaý», «pursat», «amat» manysynda ulanylýan atal sözi at- işliginden we gural, ýatal («ýatgyn ugry»), sökel, tükel ýaly sözlere goşulan -al goşulmasyndan durýar. Mysal: «Ataly gelende, ataňam bolsa at» (nakyl. Manysy: Sözde utmaga pursaty gelse, ataňam bolsa atyp, aýdyp gal).

Atalyk – Geçmişde bu adalganyň iki manyda ulanylandygy belli. 1. Hywa hanlygynda diňe türkmenlere berlen emel ady, çin. Şu emeli alanlaryň iň görnüklisi Atamyrat atalykdyr. 2. Türki şalyklarda we hanlyklarda şazadalary, begzadalary, hökümdarlaryň, wezir-wekilleriň ogullaryny doglandan tä 12 ýaşyna ýetýänçä atarman-çaparman edip taýýarlaýan we terbiýeleýän abraýly şahs. Hindistandaky Beýik Mongollar imperiýasynyň iň meşhur imperatory Ekberiň atalygy beýik türkmen serkerdesi we şahyry Muhammet Baýram handyr.

Ataman – Slawýan (orus, ukrain) we käbir beýleki Ýewropa dillerine aralaşan bu söz ata diýen türki sözden we sözlere güýçlendirmek ýokundysyny berýän hem-de kirpikmen, guýrukman, gabakman ýaly ençeme türkmen sözleriniň düzüminde duş gelýän -man/-men goşulmasyndan emele gelip, «toparyň, ordanyň, urugyň ýolbaşçysy», «öňbaşçy» ýaly manylary aňladýar.

Atdar [atda:r] – Atyr sözi bilen kökdeş bolan bu adalga ysly ot-çöplerden we dürli närselerden hoşboý ysly önümleri, atyry, dürli dermanlary taýýarlaýan hem-de şolar bilen keselleri bejerýän adamlary aňladypdyr. Ýasan önümlerini ýerleşdirmek üçin olar ululy-kiçili dürli gutulary ulanypdyrlar. Köpçülikde ilden çyka bir iş eden adama «Seniň bu eden işiň atdaryň gutusyna sygjak zat däl» diýilmesi hem şol gutular göz öňünde tutulyp aýdylypdyr.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR