Türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty – juda gadymy el hünärleriniň biri. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Lybaslary şol bezegler bilen bezemek işi keşdeçilik usulynda ýerine ýetirilipdir. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Şunuň bilen baglanyşykly üme dessuryny ýatlamak isleýärin. Bu dessur asyrlaryň dowamynda türkmen gyzlary üçin edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň, sungata aralaşmagyň mekdebi bolup gelendir. Ümede ýaş gyzlar öz boýdaşlaryndan, deň-duşlaryndan, gelnejelerinden el işlerini öwrenýärler, şonuň bilen birlikde, durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny, edep kadalaryny hem öwrenýärler.
Men ejemiň ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandygyna buýsanýaryn. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, el hünärine ussatlyk jemlenipdir. Ejem öz keşde nagyşlaryny gözellige, sungata öwürmegi başarýan zenandyr. Men onuň öz eli bilen ören alajasyny täze doglan taýlara, bedewlere dakanymda hem örän buýsanýaryn.
Elbetde, tikin tikip, keşde gaýamak aňsat däl, şonuň üçinem oňa «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýilýär. Ejem ýaşlygyndan şeýle işlere inçelik bilen hötde gelipdir. Bular barada men «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabymda hem aýdypdym. Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp, keşde gaýaşynyň, jorap örüşiniň hem edil janly surat eseri ýalydygyny nygtapdym. Türkmeniň mukaddes maşgala ojaklarynda gadymdan gelýän milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigine buýsanjymy beýan edipdim. Mähriban käbämiň durmuş ýoly onuň halkymyzyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygyny örän aýdyň görkezýär.
Taryhy-medeni mirasymyz geçmiş bilen şu güni baglanyşdyrýar, biziň milli ýörelgelerimizde tutuş adamzat üçin bähbitli örän ajaýyp, asylly nusgalaryň jemlenendigini görkezýär.
Bu – biziň taryhymyz, bu – biziň medeni mirasymyz, bu – biziň gadymy däbimiz. Men bu beýik taryha, bu beýik mirasa, bu beýik däbimize hemişe guwanýaryn.