Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz.
Daýhanyň hazynasy – ýer, suw.
Degirmen gezegini geçiren, günajy galar,
Suw nobatyny geçiren, ýylajy galar.
Ekiniň hemdemi suw, ýeriň – melhemi.
Gyrawda towşan yzlan kak suwundan balyk gözlär.
Gyş suwy – gyzyl suwy.
Mal eýesiniň gözünden suw içer.
Suwly ýer – gül, suwsuz ýer – çöl.
Suwsuz ýer – gysyr mal.
Suwsuz ýeriň – oty eýesiz, ogulsyz öýüň – maly.
Suwy bar, hasyly ýok
Şaly arkasyndan çigin suw içer
Ýaz diýip, otsuz galma, gyş diýip – suwsuz.
Ýer görki – suw, suw görki – guw.