GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ENÄ TAGZYM – MUKADDESLIGE TAGZYM» ESERINDEN DÜRDÄNE SÖZLER:

  • Perzent üçin ata-enäniň orny edil ýaş daragta arassa akardan dup-dury suwuň barmagynyň zerurlygy ýalydyr.

 

  • Jemgyýetiň ösüşlerine goşandyny goşýan şahsyýetiň, ilhalar ynsanyň kemala gelmegi ata-enäniň göreldesiniň, tälim-terbiýesiniň netijesidir, olaryň perzendi hakyndaky iň süýji arzuwynyň amala aşmagydyr.

 

  • Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr.

 

  • Türkmençilikde zenan durky bilen mertebe sütünini aňladýar, mert ýigitler bolsa, il-halkyň namysyny, mertebesini aýap, ony ömrüniň manysyna öwürýärler.

 

  • Ata-ene her bir ynsan üçin iň ýakymly hem-de lezzetli hakyda ýazgylarydyr.

 

  • Iň gyzykly hem-de göwnüňi açýan çagalyk ýatlamalaryňdaky manyly pursat eneli-ataly pursatlaryňdyr, olar bilen bilelikde geçirilen hoşwagtlygyňdyr.

 

  • Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar.
     
  • Ene – beýikleri dünýä inderýän beýiklik.

 

  • Arşdan saňa inderilen iň uly serpaý – bu ene mähri.

 

  • Adamyň öz mähribanlary baradaky ýatlamalary onuň durmuşynyň iň gyzykly we ýakymly ýatlamalarydyr.

 

  • Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur.
  • Perzent üçin ata-ene uly görelde, durmuşa söýginiň gözbaşy.

 

  • Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir.

 

  • Hünäre bolan söýginiň kemala gelmeginde maşgalada her günki eşidilýän gürrüňleriň ähmiýeti juda ulydyr.

 

  • Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň – döwletliligiň eýesidir.

 

  • Döwletlilik sylaşygyň, agzybirligiň bolmagy, bir söz bilen aýdylanda, bagtyýarlygyň höküm sürmegidir.

 

  • Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar.

 

  • Mähriban Watanymyza söýgi akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR