Güneşli günleriň birinde mugallym okuwçylaryny ýanyna alyp, gezelenje çykypdyr. Halypalaryň her bir ädiminde ders alarlykly bir waka ýüze çykýar. Bu gezek hem mugallym okuwçylaryna adaty bolşy ýaly durmuş sapaklarynyň birini bermegi ýüregine düwen ekeni. Ol okuwçylarynyň birini ýanyna çagyryp, ýaňy oturdylan ýaş nahallaryň birini sogrup gelmegi buýrupdyr. Okuwçy birbada bu talaba geňirgense-de, halypasynyň buýrugyny dessine berjaý edipdir. Mugallym oňa ýene bir nahaly sogurmagy buýrupdyr. Okuwçy ikinji nahal üçinem kynçylyk çekmändir. Üçünji nahal hem ýeňillik bilen sogrulypdyr. Soňra mugallym şol ýerde ösüp oturan äpet daragty görkezip, şony sogrup gelmegini tabşyrypdyr. «Ýoldaş mugallym, bu mümkin däl, bu bir äpet, köp ýaşan daragt ahyry. Ony sogurmak beýle-de dursun, ýerinden gozgamaga hem gurbatym çatmaz. Muny beýlekilerem başarmaz» diýipdir. Mugallym ýylgyrypdyr we okuwçylaryny töweregine jemläp: «Biziň ýaramaz endiklerimiz edil şu nahallar ýa-da daragtlar ýalydyr. Wagt geçdigi saýy olar barha ösüp, berkäp, galňap, äpet bir daragta öwrüler we ony düýbünden sogrup aýyrmak kyn bolar. Bize öz ýaramaz häsiýetlerimizden saplanmak agyr düşer. Belki, başarmazlygymyz hem mümkin. Ýöne ýaş mahalymyz ýa-da ýaramaz endikleriň ýaňy ýüz berip başlan mahaly, olardan saplanmaga ymtylsak, yhlas etsek, onda ýagşy häsiýetli adamlar bolup galarys» diýipdir.