GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

MYHMANSÖÝERLIK

Myhmansöýerlik däp-dessurlarynda-da adamyň zähmete bolan söýgüsi açylyp görkezilýär. Myhman kabul etmek däbi myhmany hezzetlemegi, onuň göwnündäki islegini berjaý etmegi, hoşlaşyp gaýdanda hem myhman alan öýi, obasy barasynda ýagşy ýatlamalaryň galmagyny maksat edinýär. Myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biridir. Çünki bu däp-dessurlar adamlaryň özara ýakynlaşmagynyň iň ynamly serişdesidir. Bu ýerde ýakynlyk öz bähbidiň däl-de, il-uluslaryň bähbidi babatda umumy wezipeleri seljermäge synanyşyk edilmegindedir. Myhmançylykda özara gyzykly meseleleri anyklamak üçin mümkinçilik döreýär. Myhmançylykdaky söhbetiň gyzyklylygynyň sebäbi, onuň adaty söhbetlerden mazmunynyň tapawutlylygyndadyr. Her bir halkda özboluşly myhman kabul etmek dessurlary bar. Myhman garşy alnanda, oňa ilki bilen duz-çöregiň hödür edilmegi şol däpleriň iň gadymysydyr. Myhman kabul etmegiň gadymy däpleri halk döredijilik eserlerimizde hem öz beýanyny tapypdyr. Eserlerde myhmançylyk däplerine ýygy-ýygydan duş gelinýär. Halkymyzyň toý däp-dessurlary myhmansöýerlik, açykgöwünlilik, sahawatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrýar, rysgally-döwletli ýaşaýşyň binýadynyň hut şol häsiýetlerdedigini açyp görkezýär. Orta asyr danalarynyň ýazgylaryndaky: «Myhman Allanyň ynsana ugradan sowgadydyr. Kim myhmany sylasa, onuň-da nygmatlary köp bolar» diýen sözler halkymyzda «Myhman öz rysgaly bilen gelermiş» diýen görnüşde beýan edilýär. Gorkut atanyň: «Myhman gelmeýen öýüň bolanyndan bolmadygy ýeg», Magtymguly akyldaryň:

It gözlemez, pişik bakmaz,

Supra ýazylmaýan ýerde

– diýen pikirleri myhmana bolan garaýşyň milli taglymatlarydyr.

Öňem biri niýetini ýamana dikip, garaňky gijeleriň birinde ýeri köwüp, patyşanyň hazynasyna giripdir. Ol ýerdäki gymmat bahaly göwherlerden, altyn-kümüş-den torbasyny doldurypdyr. Ol adamyň hazynadan çykyp barýarka, almaz ýaly ýaldyrap duran bir zada gözi düşüpdir. Garaňkyda ýalpyldap duran bu zady göwherdir diýip pikir edendigi üçin, ol oňa elini urupdyr. Görse, başga hili! Onsoň ol alasarmyklykda ony dadyp görüpdir. Ol asyl daş ýaly gatan duz ekeni. Şol halat ýaňky adamyň endamyna gyzgyn gelipdir, ony şagga der basypdyr. Ol ähli alan baýlyklaryny öňki ýerine eltip goýupdyr-da, gelen ýoly bilen yzyna gidipdir. Ertesi hazynaçynyň zähresi ýarylypdyr. Hazyna girilipdir. Ol barlap görse, ähli gymmatly zatlar ýerli-ýerinde dur. Muňa akyl ýetirip bilmedik hazynaçy patyşanyň ýanyna baryp, ählisini bolşy ýaly gürrüň beripdir. Patyşa köp pikirlenip oturypdyr-da, ahyrynda jar çekdiripdir:

– Halaýyk, kimde-kim hazynama näme üçin we nähili girendigini düşündirip aýtsa, men onuň günäsini geçjek.

Şonda hazyna tarap gizlin ýol çeken ýaramaz niýetli adam patyşanyň kabul etmegini sorap, köşge gelipdir. Ol tagzym edipdir-de, öz hormatyny mälim edip:

– Men şol bet işi etdim, menden başga muny bilýänem, görenem ýok, şol päli azan men, patyşahym! Näme jezaň bolsa-da kaýyldyryn! – diýipdir. Patyşa geňirgenipdir:

– Seniň maksadyň nämedi? Ol ýerden eliňem-ä boş çykypsyň.

Şonda ýaňky adam:– Men pälimden tapdym, şol ýerde patyşanyň duzy bar ekeni, şony atdanlykda datdym. Şeýdibem siziň myhmanyňyz boldum. Ondan soň men ol ýerden jinnek ýaly zat alyp bilerinmi?! Duz meni pälimden gaýtardy – diýip müýnürgäpdir.

Patyşa emeldarlaryna:

– Duzuň gudratyna düşünýän adam, iýen duzuna ikilik etmeýän adam haramlyk etmez, edäýse-de oňa öküner. Muňa jeza bermän, serpaý ýapyň! – diýip buýrupdyr.

Öňki makala

ÇYKALGA

Meňzeş habarlar

01 Iýul 2025 | 34 okalan

ÇYKALGA