Ýagşy gylykly bolmak bagtly we täleýli bolmakdyr. Ýaman häsiýetlilik bolsa şumluk we betbagtlykdyr. Şu manyda Gurhanda we hadyslarda beýan edilen sözlerden mysallar: «Ynsan ýagşy gylyklary bilen orazaly we gije ybadatly bendäniň derejesine ýetip bilýär», «Kyýamat güni meniň golaýymda oturjak iň söýgüli we ýakyn adamlaryň kimdigini aýdaýynmy?! Olar ýagşy gylykly adamlardyr », «Elbetde, sen beýik ahlaklysyň», «Sen Alladan gelen bir merhemet saýasynda olara ýumşak garadyň. Eger daşýürek bolan bolsadyň, töwerek-daşyňdan dagaşyp giderdiler», «Ynsanlara gowy sözler sözläň».
Möminleriň enesi Aýşa Pygamber alaýhyssalamy häsiýetlendirende «Resulallanyň gylygy Gurhandy» diýer eken. Gylyk-häsiýetiň giňligi, gözeldigi, aň-hatyryň asudalygy Allanyň bagyş eden nagt nygmatlarynyň we lezzetleriniň biridir. Tizmähellik, ganygyzgynlyk, dyzmaçlyk bolsa uzak dowam edýän bagtsyzlyk hem-de sowulmaýan azapdyr.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan