Pygamber alaýhyssalamyň hadyslarynda agzybirlige ündeýän sözler, manylar örän köp. Şolarda jemgyýetiň has bagtyýar we gönenç içinde ýaşamagy üçin her birimiziň üstümize düşýän borç-wezipe dogrusynda hem ýatlanylýar. Resulallanyň aýtmagyna görä, biziň her birimiz daş-töweregimizde bolýan zatlar bilen gyzyklanmalydyrys. Paýhasly, akylly we dana adamlar bilen el-ele berip, zalymy, akmagy, ýoldan çykany pälinden gaýtarjak güýje eýe bolmak ýaly bir bitewi, sarsmaz güýji – jemgyýeti emele getirmelidigimizi aýdýar. Özüňi ýaramaz esger ýaly alyp barmazlyk ündelýär. Bu esger örän asuda dur we ýatan çöpi galdyrmaýar. Durmuş meselesinde-de irkilip galany oýaryp, herekete getirjek bolmaýar. Daş-töweregindäki düzgün bozmalara, ýalňyş-hatalara biparhlyk bilen nazar salýar. Şeýtmek bilen bu zatlary düzeltmek, göneltmek, bejermek üçin öz üstüne düşýän borjy unudýar. Jemgyýetde öz ornunyň bardygyna ynanmaýar.
Gynansak-da, şeýle ahwalat her birimize diýen ýaly mahsus. Jemgyýetdäki ýa-da adamlaryň arasyndaky bir nähaklyk, özümize dahylly bolmasa ýa-da gönüden-göni özümize galtaşmasa, degmese, gapyny içinden gulplap oňýarys. Hamana, biz ony görmesek, duýmasak, basym sowlar, geçer gider we onuň täsiri bize asla ýetmez diýen ýaly düşünjä uýýarys. Ol howp-hatarlar, gorky-ürküler, ynjylar, ezýet-yzalar bize degmejek ýaly, ýöne... hemişe beýle bolup duranok. Taýagyň ujy ahyry öz depäňde hem gaýmalap başlaýar.
Ýörär ýoluňdan aýrylmadyk ýandak dänesi, nemiň ýetmegi bilen kök urar we şaha ýaýradyp, seniň öňüňi beklär. Bu wagt göz ýumulan ownuk düzgün bozmalar, soňlugy bilen uly günälere batyrynmaga ýol açar. Bir wagtlar birini köýdüren nähaklyk, wagty gelende, diňe bir adamy däl, tutuş jemgyýeti ýakar. Tupan asmandan inende, diňe biriniň gapysynyň öňüne gütüläp düşmeýär ahyry. Kimdir biri güýç birikdirip öňüni almasa, öňünden alajyny gözlemese, äpet tupanlar, gomlar, tüweleýler tutuş jemgyýeti, ili kökünden sogurara getirýär.
Beýik we paýhasly adamlar jemgyýetiň öňündäki borçlaryna magat düşünýärler we näsazlyk ýüze çykan ýerlerini derrew düzeltmek bilen bolýarlar. Näsaz ýerlerini gözläp tapýarlar we derrew alajyny hem edýärler.
Her kim şahsy bähbidini boýnuna tumar, başyna täç edip dakynsa, özünden başgasyny görjegem bolmasa, görmegem islemese, agzybirlik we berklik yraň atyp başlar. Hetdenaşa men-menlik, diňe özüňi bilmeklik döwletlilik sütünleriniň düýbüni berbat edýän ýagdaý ekeni.
Afinynyň akyldarlary bir çykalga tapmak üçin köp wagtlap kelle döwüpdirler. Ýöne adamlary içki oý-pikirleri üçin kazyýete çekip bolmaýandygy düşnükli. Şeýle hem açyk-aýdyň, görnetin bildirip durandygyna garamazdan, ýaramaz niýeti tutaryk edinip, olara höküm çykarmak ýalňyş boljakdy. Uzak gözleglerden we kelle agyrtmalardan soňra, olar täsin bir çykalganyň üstünden barypdyrlar.
Ýurduň raýatlary bir ýere üýşüp, ses bermeli edilipdir. Olar küýze böleginiň ýüzüne 10 ýyllap sürgün edilmäge laýyk gören adamynyň adyny ýazypdyrlar. Eger bir adamyň ady 6000 sany ýazgyda jemlense, onda şol adamy on ýyllap ýurduň daşyna sürgün edipdirler. Şeýdip, ýurt hem, döwlet hem, raýatlar hem ýaramaz gylykly, öz häsiýetine jogapkärçiliksiz çemeleşýän adamlardan saplanyp, rahatlanyp başlapdyrlar.
Täsin ýeri, bu ses berişlik akyly haýran edýän netijelere alyp gelipdir. Şeýdip, taryh afinylylaryň ulumsy, tekepbir, zalym adamlardan dynmagyň medeniýetli we akylly-başly ýoluny tapandygyny öz sahypasyna ýazypdyr.
Taryh ýene bir zada şaýat bolupdyr. Haçanda afinylylar ýola goýlan kada-kanunlary bozup başlanlarynda, ýokarda ýatlanylan jeza- temmiler adamlara täsir etmän başlanynda, ogrular, galtamanlar öz emrlerini arkaýyn ýöredipdirler. Azgynçylyk artypdyr, zulum-sütem köpelipdir... Afiny hem dargapdyr.
Sagdyn garaýyşly, arassa ahlakly jemgyýet düzüw jemgyýetdir. Şeýle jemgyýetde ýaşaýan ynsanlar hemişe hapa-ýaramaz zatlardan saplanmagyň aladasynda gezýär. Ýamanlyk ýa-da şer deňiz köpügi deýin ýokary galyp başladygy, adamlar sesini beýgeldýär. Tä ol ýaramazlygy aradan aýyrýança hem ynjalmaýar.
Bu jemgyýetde ýaşaýan her bir adam düşünýär: haýyr, ýagşylyk hemmä barabar gelýär, şer hem hemmäniň başyna birden inýär. Şonuň üçin her bir adam ilki bilen özüni, soňra töweregini düzetmäge, arassalamaga başlaýar. Köne dertlerden, hapa gylyklardan bir özi saplanyp bilmeýänlere ýardam goluny uzadýar. Egri ýerini düzedýär we ony hem dogry ýola salýar. Onuň aýybyndan aýňalmagyna, säwligini düzetmegine sebäp bolýar. Şeýle oňyn ruh bilen hem tutuş jemgyýet – hemmeler gönençlik tapýar. Ruhubelentlik, joşgunly ýaşaýyş, ylhamly döredijilik hemme ýere ýaýraýar.
Taryh muňa şaýat... taryhy okap görüň.
Başgalaryň aladasyna we derdine göz ýummaklyk ýaramaz adamlaryň häsiýetidir.
Rahmet GYLYJOW,
«Halallyk kyssalary» kitabyndan.