Gorkut atanyň Muhammet pygamberiň zamanyna ýakyn döwürde ýaşap geçendigi barada dürli çeşmelerde maglumatlar gabat gelýär. Ol barada pygamber aleýhyssalam zamanyna ýakyn döwürde Gorkut ata diýen bir äriň dörändigi, onuň gelip çykyşynyň türkmendigi, Oguz kowumynyň danasydygy aýdylýar. «Näme aýtsa bolardy, gaýypdan habar bererdi, Allatagala onuň köňlüne ylham bererdi» diýilýär.
«Gorkut ata» şadessanyny biz «Kitaby dädem Gorkut» diýen at bilen çap edip, halkymyza ýetirdik. Şadessanda Gorkut ata il-günüň ýaşulusy, maslahatçysy hökmünde peýda bolýar. Ol oguz iliniň serhedini goraýan ýigide ak pata berýär, aşyk-magşugy myradyna ýetirmek üçin sawçylyga gidýär, oguz iliniň ilçisi bolup, Depegözüň ýanyna ugraýar, gaýduwsyzlyk görkezen ýetginjege at dakýar... Türki halklaryň edebiýatyny we folkloryny öwrenmekde köp işleri bitiren alymlar, şol sanda W. M. Žirmunskiý hem Gorkut atany halkyň akyldary we mugallymy hökmünde häsiýetlendirýär.
Oguz türkmenleriniň orta asyrlardaky durmuşyny, syýasy şertlerini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny şöhlelendirýän «Gorkut ata» şadessanynyň many-mazmunyny gahrymançylyk, gaýduwsyzlyk, il-günüň asudalygyny, abadan durmuşyny üpjün etmek, maksada okgunlylyk, ynsanperwerlik ýaly mukaddes ýörelgeler düzýär. Eserde bularyň örän aýdyň, gadymy röwüşde şöhlelenmegi Oguz hanyň wesýetleriniň unudylmandygyny, ondan gelýän ýörelgeleriň müňýyllyklar aşyp, Gorkut atanyň döwründe-de mizemändigini görkezýär. Şol ýörelgeleriň özeninde durýan bir Taňra ynanmak hem, edil Oguz han döwründe bolşy ýaly, Gorkut ata döwründede halkyň dini-imany bolup ýaşaýardy. Elbetde, Oguz hanyň döreden ynam-ygtykat, ýol-ýörelge sütünleriniň kän-kän kyn şertlerde, agyr ýollarda synman, Gorkut atanyň aýdanlarynyň hem dilden-dile, nesillerden-nesle geçip ýören döwürlerinde Muhammet pygamberiň getiren dini yslam görnüşinde halkyň durmuşyna giripdi.
«Kitaby dädem Gorkutdan» käbir setirlere ser salynsa hem muňa düşünip bolar. Bu setirlerde halkymyzyň Taňrynyň birligi hakyndaky gadymy ynanjy bilen birlikde, mukaddes kitaplarda, esasan hem, Gurhanda gelýän Musa Kelim, Mekge bilen Medine, Aly, Düldül, Zülpükar, Hasan hemde Hüseýin bilen baglanyşykly düşünjeler ornuny tapýar.
– Mere, kafyr, aman! Taňrynyň birligine ýokdur güman. Goň meni, bu agaç-le söýleşeýim – diýdi.
Çagyrub, agaja soýlamyş, görelüm, hanym, ne soýlamyş:
Agaç-agaç diýrsem saňa, arlanma, agaç,
Mekge ile Medinäniň gapusy, agaç,
Musa Kelimiň asasy, agaç,
Böýük-böýük suwlaryň köprüsi, agaç,
Gara-gara deňizleriň gämisi, agaç,
Şahymerdan Alynyň Düldüliniň eýeri, agaç,
Zülfikaryň gyn-le gabzasy, agaç,
Şa Hasan-le Hüseýiniň bişigi, agaç…
Men türkmen we umuman, türki halklaryň taryhy bilen gyzyklanýaryn. Muňa degişli maglumatlary toplaýaryn. Şeýle maglumatlaryň bir ýerde bardygyny eşitsem, olary tapmagyň aladasyny edýärin. Şeýdip, men halkymyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm çeşmeler, bolan köp sanly eserler bilen içgin tanyşdym. Olardaky taglymatlardan özümçe netije çykarýaryn. Birhudaýlylyk düşünjesi, bu babatda Oguz hanyň bitiren taryhy hyzmatlary, öz halkyny hem şu ýola salmak bilen birlikde, adamzada hem ýol-ýörelge görkezendigi hakynda oýlanýaryn. Käbir türkolog alymlaryň eserlerinde Oguz han pygamber derejesine çykarylýar. Munuň sebäbi Allatagala uýmakda, ynam-ygtykat birligini, agzybirligi öňe sürmekde we ornaşdyrmakda Oguz hanyň bitiren işleriniň juda uludygy bilen baglanyşyklydyr.
«Oguznamalaryň» türki halklaryň arasynda asyrlardan-asyrlara geçip, ýörgünli bolup gelmegi diňe onda biziň ata-babalarymyzyň taryhynyň beýan edilýändigi bilen baglanyşyky bolman, eýsem, ondaky gadymy türkmen ynanjy – Taňrynyň birligi baradaky düşünje bilen baglanyşyklydyr. «Oguznamalaryň» bize gelip ýeten nusgalarynyň dürli-dürlüdigine garamazdan, olaryň hemmesinde birhudaýlylyk düşünjesi birmeňzeşdir.
Ibn Fazlanyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilen «Syýahatnama» eseri gadymy maglumatlary özünde jemleýän iň seýrek taryhy eser hasaplanýar. Bu eser Apbasy halypasy Muktadyryň Sakalyp hökümdaryna ýollan ilçisi Ahmet ibn Fazlan ibn Apbas ibn Reşit ibn Hammadyň ýazan eseridir. Ibn Fazlan Bagdada barandan soňra, syýahat eden ýerleri, başdan geçiren geň-taň wakalary, oguzlaryň, bulgarlaryň, başgyrtlaryň we ruslaryň edim-gylymlary baradaky gören-bilenlerini bir ýere jemläp, arap dilinde «Syýahatnama» («er-Rihle») kitabyny ýazypdyr. Şol döwürde diwan kätibi Ibn Fazlan ilçilige iberilýär. Ol Nyşapurdan Sarahsa, Sarahsdan Merwe, Merwden Amula barypdyr. Ol özüniň Jürjanyýada (Köneürgençde) üç aýdan gowrak wagt bolandygy barada hem ýazypdyr. «Syýahatnama» eseri oguzlaryň myhmansöýerlik, birek-birege hormat goýmak, sylaşyklylyk ýaly belent adamkärçilik häsiýetlerini, däp-dessurlaryny öwrenmekde hem, özünde gymmatly etnografik maglumatlary jemleýändigi bilen hem juda ähmiýetli eserdir. Eserde gelen myhmanyň harajady bolmasa, ýola gitjek wagty oguzlaryň ony harajat berip ugradýandyklary beýan edilýär. Oguzlaryň bir Taňra uýýandygy nygtalýar. Kynçylyga duçar bolsalar ýada halamaýan zadyny görseler, olaryň başlaryny asmana göterip: «Bir Taňry!» diýýändikleri barada aýdylýar. Eserde: «Türki dilde «bir» sözi arapça «wahytdyr», «Taňry» sözi arap dilindäki «Alladyr» diýilýär.