AŞGABADYM – AK ARZUW SEN DÜNÝÄŇ PIKIR – OÝUNDA...

Ak mermere beslenen Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde durkunyň tanalmaz derejede özgerip, Aziýanyň syýasy-ykdysady merkezleriniň birine öwrülmegi biz ýaşlary, eziz türkmen halkyny diýseň begendirýär. Aşgabadyň ajaýyp keşbini, gaýtalanmajak gözelligini, şeýle hem ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten derejelerini belläp geçmezlik mümkin däl.

Gündizleri güneşli, gijeleri şugla saçýan – Aşgabat, Arkadagyň mähir yhlasy siňen ak bagtyň säheri, arzuwlaryň wysal tapýan, kalplara mähir, söýgi paýlaýan şäheri. Hormatly Arkadagymyzyň sünnäläp döreden sungaty özboluşly binagärlik gurluşygy bilen görenleri haýrana goýsa, ak mermere beslenen binalaryň, seýilgähleriň, medeni we dynç alyş merkezleriniň owadan keşbini synladygyňça gözüň dokunýar. Päk arzuwlara ylham berýän jennet mekanyň başlary gök direýän binalary bagtyýarlygymyzyň, jebisligimiziň, agzybirligimiziň, dünýä dolan mertebämiziň nyşany bolup şatlygymyzy goşalandyrýar.

Gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda gurlan binalaryň dünýä täsinliklerini özünde jemleýän Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaňy ýakynda, toý-baýramlary goşa-goşadan gelýän şahandaz türkmen halkymyzyň şatlygyny goşalandyrjak ýene-de bir taryhy wakalaryň biri boldy. Ol hem 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Dizaýn» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly serginiň açylyş dabarasydyr. Bu sergi Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, sergä daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri hem-de hususy haryt öndürijileri hem gatnaşdylar.

Geçirilen sergide “Çigildem”, “Aýbölek”, “Ýaşyl ýyldyrym”, “Meşhur interiors”, “Erjel Begenç” ýaly hususy kärhanalar, binagärlik, mahabat we dizaýn işi bilen meşgullanýan “Özgertme”, “Ýurt taslamasy”, “Eşret Mahabat” hususy kärhanalary hem-de halkara gözden geçirilişe ilkinji gezek gatnaşýan “Şekil” tikinçilik öýi önümleridir hyzmatlaryny hödürlediler. Şeýle-de bu halkara sergide ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň we düzümleriniň, binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyryldy.

Arkadagly Serdarymyz: “Milli öwüşginli taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän köp sanly desgalarynyň halkara derejede mynasyp ykrarnama eýe bolmagy paýtagtymyzyň dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine 2008-nji ýylda açylan “Oguz han we ogullary” atly suw çüwdürimler toplumynyň, 2008-nji ýylda paýtagtymyzdaky 133 metrlik beýik Baýdak sütüniniň, 2011-nji ýylda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň, 2012-nji ýylyň maýynda gurlup, ulanylmaga berlen “Älem” medeni – dynç alyş merkeziniň, 2013-nji ýylda Aşgabat şäheriniň özüniň ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde, 2016-njy ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsynda ýerleşdirilen “Iň uly göl” diýlip atlandyrylan binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanan haly gölüniň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun almagy hem doly şaýatlyk edýär” diýip, gyzgyn gutlagynda beýan etdi.

Ata Watanymyz “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramyna bereketli türkmen saçaklaryny giňden ýazyp sowgat serpaýly, ösüşleriň täze-täze basgançaklary bilen ilerläp barýar.

Goý, dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, abadançylygyň hatyrasyna türkmen Bitaraplygy mundan beýläk-de has hem berkesin! Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramasynyň belent münberinden umumadamzat bähbitli başlangyçlar, teklipler bilen çykyş edip, dünýä halklaryny parahatçylygyň, abadançylygyň, ählumumy ösüşiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmäge çagyrýan, Zeminiň gujagyna parahatçylygyň mizemez ýollaryny çekýän, zamanamyzyň Gahrymany, dünýäde ykrar edilen milli Arkadag Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Aýdyň maksatly dünýä nusgalyk belent tutumly işleri uly üstünliklere beslensin.

 

Bibimerýem GULAMOWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

kommunikasiýalary institutynyň V ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2024 | 37 okalan

DOSTLUK DARAGTYNYŇ SAÝASYNDA

13 Sentýabr 2024 | 71 okalan

TEBIGAT GÖZELLIGI- ÜLKÄMIŇ BEZEGI

13 Sentýabr 2024 | 35 okalan

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI