Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ata-babalarymyz parasatly durmuş tejribä esaslanýan milli-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gözleriniň göreji ýaly gorap, nesillerimize miras galdyrmak ugrunda uly aladalar edipdir. Häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli medeniýetimiziň barha baýlaşdyrylmagy, onuň döwrebap hukuk goragynyň üpjün edilmegi ilkinji nobatda, pederlerimizden şu günlerimize ýeten maddy we maddy däl mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden-nesle geçirilmeginiň wajyplygy bilen baglanyşyklydyr.
Şöhratly taryhymyz türkmen topragynyň adamzat siwilizasiýasynyň ilkinji ojaklarynyň biri hasaplanylýan medeniýetleriň gadymy sallançagyna öwrülendigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni, maddy hem-de maddy däl mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyklyk rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär. Dünýäniň häzirki “dördünji senagat rewolýusiýasy” döwründe bolsa, täzeçillikleriň, innowasion oýlap tapyşlaryň, senagat önümçiligiň, sanly ulgamyň ileri tutulmagy bilen birlikde, her bir halkyň millilik gymmatlygyna ählumumy derejede aýratyn hormat goýulýar, milli aýratynlyklary bilen dünýä medeniýetinde yz galdyran gymmatlyklar halkara giňişliginde baýlaşdyrylýar. Munuň özi, Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işjeň hyzmatdaşlygyň ählumumy ähmiýetini esaslandyrýar. Çünki, halkara gatnaşyklar nazaryýetinde medeni diplomatiýa dürli halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň möhüm guraly, dostlukly, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny ýola goýmagyň bolsa, netijeli usullarynyň biri hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmegiň, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatynyň, türkmen keçe sungatynyň, türkmen demirçilik senediniň, türkmen tazysynyň we elguş sungatynyň, türkmen milli göreşiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň zerurdygy, ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna bolsa, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň goşulmagy we bu ugurda ileri tutulýan ençeme wajyp wezipeler barada aýratyn belläp geçdi.
Şu ýylyň 11-nji oktýabrynda öz işine başlan «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergisi Aşgabat şäherini «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatda geçirilýän işleriň has-da ýaýbaňlanmagynyň hem-de ýurdumyzyň bu ugurda amala aşyrýan tagallalarynyň iş ýüzündäki aýdyň beýanyna öwrüldi. ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory şäherleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2004-nji ýylda döredilip, oňa dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär. Ol şäherleriň durnukly ösmeginiň, durmuş integrasiýasynyň we medeniýetiň dünýäde täsiriniň artdyrylmagynda hereketlendiriji güýç bolan döredijiligiň maliýeleşdirilmegini ileri tutýan şäherleriň özara hyzmatdaşlygyny nazarlaýar. Şeýle şäherler medeniýeti we döredijiligi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň düzüm bölegi hökmünde ykrar etmek bilen, iş üpjünçiligi, gender deňligi, telekeçilik işjeňligi ýaly ugurlar bilen birlikde, durnukly ösüş çygryndaky maksatlara ýetmekde sungatyň we medeniýetiň milli ösüş syýasatyndaky ornuny aýdyň kesgitleýär. Bu ugurda her ýylda geçirilýän konferensiýalar bolsa, şäherleriň ýeten sepgitleriniň jemini jemlemäge, tejribe we pikir alyşmaga, ösüşiň hem-de mümkinçilikleriň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň ýol açýar. Munuň özi, ýer ýüzüniň ilat sanynyň ýarsyndan hem artygynyň şäherlerde ýaşaýandygy nukdaýnazaryndan alanyňda, şeýle halkara konferensiýalaryň häzirki XXI asyrda ösüş çygrynda ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini tapmakda, döwrebap strategiýalaryň işlenilmeginde wajyplygyny esaslandyrylýar. Çünki, adamyň daşky gurşawyny emele getirýän şäherlerdir - etrap merkezleri durnukly ösüşiň durmuş strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy meýdançasy bolup çykyş edýär. Her ýylyň 31-nji oktýabrynyň Şäherleriň Bütindünýä güni hökmünde bellenilmegi hem halkara gün tertibinde durýan meseleleriň ählumumy çemeleşmesini tapmakda olaryň özara hyzmatdaşlygynyň wajyp ähmiýetini ykrar edýär. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyz Aşgabadyň bu abraýly halkara toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmegi ugrunda işleriň toplumlaýyn dowam etdirilmegi onuň ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň we bezeg aýratynlygy, ekologiýa taýdan abadançylygy bilen özgertmelere beslenýän ýokary amatlykly innowasion gurluşyk senagatynyň keşbini emele getirýändigi nukdaýnazaryndan kanunalaýyk hem-de buýsandyryjy ýagdaý.
Aşgabadyň häzirki arhitektura sazlaşygy, döwrebaplygy we milliligi bilen utgaşýan özboluşly keşbi onuň ýurdumyzyň döwlet syýasatynda hemişe üns merkezinde tutulýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň bolsa taýsyz tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda “dizaýn” ugry boýunça geçirilen Aşgabat forumyna we halkara sergisine döwletimiziň hem-de daşary ýurtlaryň tanymal telekeçileri, arhitektura, heýkeltaraşlyk, halyçylyk sungaty, suratkeşlik, türkmen milli lybaslary ýaly dürli ugurlar boýunça dizaýnerleriň, gurluşykçylaryň, professor-mugallymlaryň gatnaşmagy, bu çäreleriň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmegi önümçiligiň, taslamalaşdyrmagyň, pikirlenmegiň we düzmegiň döredijilikli çemeleşmesini ileri tutýan “dizaýn” düşünjäniň belli bir çäginiň ýokdygyny aýdyň görkezýär. Çünki, “dizaýn” önümçilik zerurlyklarynyň we toplumlarynyň çeperçilikli hem-de tehniki taslamalaşdyrylmagynyň döredijilikli usuly, şol işiň hem netijesidir. Diýmek dizaýn bu kämillige ýol, kämil ösüşe bolsa ymtylmakdyr. Özboluşly binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan döwletimiziň ajaýyp ak mermerli binalary kökleri gadymyýete uzaýan Türkmenistanyň milli binagärlik tejribesiniň barha baýlaşýandygyny aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Köpöwüşgünli desgalaryň görnüşleri, täzeçil işläp taýýarlamalar we tehnologiýalar, şäher gurluşygynyň möhüm meseleleriniň çözgüdi bilen bagly ýörelgeler, şäher gurşawynda döredilýän oňaýly ýaşaýyş şertler we suw üpjünçiligi, yşyklandyryşy, ýollaryň gurluşygyny öz içine alýan şäher hojalyk dolandyryşynyň işi bilen baglanyşykly wajyp wezipeleri özünde jemleýän baý binagärlik tejribesi paýtagtymyzyň mysalynda görmek bolýar.
“Aziýanyň merjen dänesine” deňelýän Aşgabadyň birnäçe desgalarynyň binagärlik aýratynlygy boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun almagy onuň binagärlik aýratynlygynyň ykrarnamasy bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden «Şäherlerdäki agaçlar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin, Aşgabat şäherine halkara güwänamasynyň berilmegi ýaly buýsandyryjy wakalar gözel paýtagtymyzyň ekologiýa taýdan hem ýokary görkezijilere eýedigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Aşgabadyň sazlaşykly ösüşinde şähergurluşyk ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegi baş şäherimizi dünýäniň ekoşäherleriniň hataryna ornuny berkitmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Ekoşäherler - munuň özi energiýanyň, suwuň we beýleki tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, ýylylygyň we howa gurşawyna zyňyndy gazlaryň artykmaç göýberilmegini azaltmaga çalyşýan ýaşaýjylary bolan, daşky gurşawa täsiriň göz öňünde tutulmagy arkaly taslamalaşdyrylýan şäherlerdir. Şeýle şäherler taslamalaşdyrylanda hususan-da, gurluşygyň, senagatyň we önümçiligiň ekologiýalaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda şäher ýerleriniň çäklerinde atmosfera howasynyň we agyz suw üpjünçiliginiň hili; önümçiligiň “ýaşyl ykdysadyýet” ugrunyň ykrar edilmegi, önümçilik galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegi; “ýaşyl zolaklaryň” möçberiniň giňeldilmegi boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler şäher ekologiýasynyň üpjün edilmeginiň toplumlaýyn häsiýetini alamatlandyrýar. “Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda bolsa, paýtagtymyzyň ýylylyk; energiýa; suw; gaz üpjünçiligi; lagym we suw sowujy ulgamlar; ýol işiniň; ulagyň we aragatnaşygynyň ähli görnüşleriniň; abadanlaşdyryşyň; bagçylygyň; arassalamagyň; ýaşaýyş jaý gaznasyny inženerçilik taýdan üpjün etmegiň we abatlamagyň netijeli işlemegi çygrynda ösüşi nazarlaýan köpugurly hem toplumlaýyn wezipeler hukuk taýdan kesgitlenilýär.
Umuman, her bir döwletiň medeniýeti we döredijiligi halkyň geçmişini, häsiýetli aýratynlyklaryny beýan etmek bilen, dünýä medeniýetiniň wajyp düzüm bölegini emele getirýär. Häzirki durnukly ösüş şertlerinde bolsa, yzygiderli ösýän şäherleriň özara hyzmatdaşlygy, olaryň medeniýetleriniň baýlaşmagyna, halkara gün tertibinde durýan wajyp wezipeleriň ählumumy üns merkezinde bolmagyna, durnukly ösüşiň maksatlarynyň üpjün edilmegine şert döredýär. Milli myhmansöýerligiň ajaýyp nusgasyny beýan edýän Aşgabadyň innowasion ösüşi, onuň Aziýanyň merjen dänesi hökmünde halkara maslahatlaryň mekanyna öwrülmegi şol bir wagtda, dünýä medeniýetleriň dabaralanmagyna hem-de medeni diplomatiýanyň berkemegine giň ýol açýar.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.