“TÜRKMEN KEŞDEÇILIK SUNGATY – UMUMADAMZAT MIRASY”

Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Ahal welaýat häkimliginiň hem-de welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda “Türkmen keşdeçilik sungaty – umumadamzat mirasy” atly halkara maslahaty geçirildi. Çäräniň esasy maksady türkmen milli keşdeçilik sungatyny gorap saklamakdan we ösdürmekden, onuň gymmatyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmekden ybarat boldy.

Maslahata gatnaşyjylar ir säher bilen Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada ýerleşdirilen Gahryman Arkadagymyzyň mähriban pederi, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar. Soňra Medeniýet köşgünde guralan sergä gatnaşyp, bu sergide zenanlarymyzyň ene-mamalarymyzdan miras galan el-işleriniň görnüşlerinden sünnäläp taýýarlan el tahýalaryny we haly önümlerini synladylar.

Soňra maslahat öz işine başlap, maslahatyň dowamynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň barşynda ýerine ýetirilen çykyşlarda milli mirasymyzyň ýeten derejeleri, ýaşlary millilik ruhunda terbiýelemek we olaryň milli gymmatlyklarymyzy dowam etdirmeklerini gazanmak, aýratyn-da umumadamzat gymmatlygyna öwrülen keşdeçilik sungatynyň taryhy we häzirki wagtda bu sungatyň halkara derejesindäki ähmiýeti barada täsirli söhbetler edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, şeýle hem hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza milliliklerimizi dikeltmek, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sagbolsunlary aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Rüstem MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat

Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

17 Sentýabr 2024 | 37 okalan

DOSTLUK DARAGTYNYŇ SAÝASYNDA

13 Sentýabr 2024 | 71 okalan

TEBIGAT GÖZELLIGI- ÜLKÄMIŇ BEZEGI

13 Sentýabr 2024 | 35 okalan

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI